Taliban hereketi TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Taliban hereketi TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar

Taliban hereketi Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýar. Bu barada hereketiň wekili Suheýl Şahin aýtdy diýip, Praým agentligi belleýär.

Mundan öň, habar beriş serişdeleri Taliban hereketiniň wekilleriniň Owganystanyň ähli serhet geçelgelerini golastyna alandygyny habar berdiler. Ýekşenbe güni hereketiň wekilleri paýtagt şäher Kabula girdiler we prezidentiň köşgüni eýelediler.

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani wezipe ygtyýarlyklaryny goýup, ýurtdan gitdi. Duşenbe gününe geçilýän gije Taliban hereketiniň syýasy edarasynyň resmi wekili Muhammed Naim Owganystanda uruş hereketleriniň tamamlanandygyny, döwlet dolandyryşyň görnüşiniň bolsa ýakyn wagtda aýan ediljekdigini aýtdy.

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Taliban hereketiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şol duşuşygyň barşynda Таliban hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi.

Belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisini ulanmakdan Owganystanyň ýyllyk üstaşyr girdejileri 1 mlrd dollara deň bolup biler. Gazgeçiriji magistraly diňe Owganystanyň özünde 12 müň sany iş ornuny döredip biler.

TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1735 km bolar. Şolardan 200 km-den gowragy Türkmenistanyň, 735 km Owganystanyň, 800 km Pakistanyň çäginden geçmeli. Gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr gaza babarbar bolar. Gaz geçirijiniň çig mal binýadyny Galkynyş gaz käni üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa köp sanda owgan raýatyny ýurtdan çykardy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi