Taliban: "Bular ýaly çalt netije almaga garaşmaýardyk" diýdi

Taliban: "Bular ýaly çalt netije almaga garaşmaýardyk" diýdi

Molla Abdul Gani Birader, Talibanyň paýtagt Kabul başda bolmak bilen Owganystanyň aglaba ýerinde häkimiýetei öz eline almagy bilen baglanşykly: "Bular ýaly üstünlige bular ýaly çalt we bular ýaly ýeňil ýetmäge garaşmandygymyzy aýtmak isleýärin" diýip mälim etdi.

Birader: "Men-menlik etmäliň. Ozal bolmadyk derejede uly jogapkärçiligimiz bolar. Indi synag wagty. Häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlaryna hyzmat bermek, howpsuzlyklaryny üpjün etmek we ýaşaýyş standartlaryny gowulaşdyrmak bilen bagly möhüm bir synagy başymyzdan geçirýäris. Raýatlarymyzy janlaryny we gelejeklerini gorajakdygymyza ynandyrmalydyrys" diýip belledi.

Talibanyň Katardaky Syýasy býurosynyň metbugat sekretary Muhammed Naim bolsa Kabulda ilçihanalara, diplomatik missiýalara we daşary ýurtly raýatlara howp abanmaýandygyny belläp, ýurdyň ähli ýerinde howpsuzlygy üpjün etjekdiklerini beýan etdi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, halkara harby güýçleriň Owganystandan çekilmek tapgyry başlapdy.

Owganystanyň hökümeti bilen Katarda gepleşiklerini dowam etdiren Taliban, şol bir wagtyň özünde iýun aýyndan bäri hüjümlerini artdyrypdy we Owganystanyň ençeme welaýat merkezini ele geçiripdi.

Düýn ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň Kabul şäherinden çekilmegi bilen ol ýerleri dolulygyna gözegçiligi astyna almaga başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa köp sanda owgan raýatyny ýurtdan çykardy
Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy