Gazna welaýat Geňeşiniň Başlygy Nasir Ahmad Fakiri beren beýanatynda ýurduň günorta welaýatlaryny Kabula birikdirýän ugurda ýerleşýän taryhy Gazna welaýatynyň merkezinde gözegçiligiň dolulygyna Talibanyň eline geçendigini habar berdi.
Ahmad Fakiri howpsuzlyk güýçlerinin welaýat merkezlerinden çekilendigini beýan etdi.
Owganystanyň hökümetine degişli güýçleriň soňky 7 günde Tailbana aldyran welaýat merkezlerinibň sany Gazna bilen bilelikde 10-a ýetdi.
Düýn ýurduň demirgazyk gündogaryndaky Badahşan welaýatynyň merkezi Faýzabad şäheri Talibanyň gözegçilgine geçipdi.
Baglan we günbatardaky Farah welaýatlarynyň merkezleri hem soňky günlerde Taliban tarapyndan ele geçirilen ýerlerden käbirleridi.