Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymy Abdylla Allanurow zergärligi saýlap alany üçin atasy žiwopisçi nakgaş Rahym Işangulyýewe minnetdar bolmaly. Bir gezek agtygynyň çeken suraty Rahym Işangulyýewiçiň gözüne ildi.
Ol surata kän wagtlap geň galyp seredip, ahyrsoňy: Erbet däl! Boljak diýseňem bolýar! - diýip agtygyny öwdi. Rahym
Işangulyýewiçiň Boljak, Erbet däl -diýdigi Gaty gowy diýen baha barabardy.
Ol:
Sen Çagalar çeperçilik mekdebine girmeli diýdi özem zergärlik bölümine diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
Näme üçin zergärlige? Men suraty gowy çekýärin ahyry.
Hemişe gerekli adam bolarsyň.
Şeýdip men atamyň maslahaty bilen Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebine okuwa girip, zergärlik sungatynyň syrlaryny öwrenip ugradym diýip Abdylla ýatlaýar.Mekdebiň okuwçylary mugallymy bilen gadymy şaý-sepler sergilerine gatnaýardylar.
Kän wagt geçmäni men türkmen zergärleriniň dünýäde iň owadan şaý-sepleri döredendiklerine göz ýetirdim.Hakyk daşlary bilen bezelen tutuk kümüşde şeýle bir nepislikdir inçelik bar wellin, oňa bäs geljek başga zat tapylmasa gerek.
Sowuklaç-çal kümüşde asman reňk firuza damjalarynyň gözelligini diýsene!
Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde men esasy bilim alym. Ilkinji nobatda, ol ilki kagyza, soňra plastina geçirilýän türkmen milli nagyşlary. Zergärler gymmatly materiallary ulanýarlar, şonuň üçinem her bir okuwça bir plastina bilen bir daş bererdiler. Mugallymyň goldan eskizi boýunça biz gülýaka taýýarlaýardyk.
Ilkinji ýasan gülýakamy atamyň öňünde buýsançly goýanymda, ol :Boljak- diýip biparh jogap berdi. Ýöne işim oňa ýaran borly, şonuň üçinem ol kän wagt geçmänkä meni ýanyna çagyrdy.
Sen okuwyňy nirede dowam etmelidigi barada gowja pikirlenmeli. Şu bilimiň bilen seni, gürrüňsiz, çeperçilik uçilişşesine alarlar. Ýöne sen akademiýa gurmäge-de synanşyp bilersiň. Özüň saýla diýdi.
Men giriş synaglaryndan geçip, çeperçilik akademiýasyna okuwa girdim.
Ýene-de zergärlik sungatyny öwrenip ugradym. Mugallymlarymyz talyplara ilki nusgawy şaý-sepleri jikme-jik öwreniň, soň öz fantaziýaňyza eýerip ýasaberiň diýýärdiler. Dogrusy, nusgawy türkmen zergärçiligi şeýle bir üýtgeşik we kaşaň welin, ony bütin ömrüňe öwrenip ýörmeli.
Akademiýada okamagyň özi aýratyn lezzetdi.Biz diňe bir kümüş däl, eýsem tylla bilenem işleýärdik, hakykdyr firuzadan başga-da ametist, sirkoniý, lagyl, hrizopraz ýaly daşlar hem bardy.Ideýalarymyzyň üstüni ýetirmek üçin Nusaýda we Margianada geçirilen gazuw-agtaryş işleri döwri tapylan muzeý artefaktlary bilen tanyşýardyk.
Nagyşlarymyzda bürgüt, riton, aýpalta şekillerini ulanýardyk.Bizden milli görnüşleriň çäginden çykmazlyk talap edilýärdi. Ýasan zatlarymyz göreniňden türkmenleriňkidigi bildirip durmalydy.
Men ýene-de işimi atamyň öňünde goýdum.Ol kän wagtlap syn etdi-de, içiňi ýakaýyn diýýän ýaly: Gowy, ýöne has gowam etse boljak -diýdi.Näme meni alga alanokmyka!
diýen pikir kellä geldi.Gülýakamy mugallymym öwdi, ýoldaşlarymyň ählisi gutlady, muňa welin zar ýaranok.Oňa gaýdyp zat görkezmäýinem diýdim. Ýöne Rahym Işangulyýewiň ady akademiýanyň mugallymlarynyň arasynda abraýlydy, atam olaryň köpüsiniň halypasydy.
Men atamyň öwgüsini gazanmagy ýüregime düwdüm.
Akademiýanyň dördünji ýylynda täze gülýakamy atama görkezdim, ol oňa uzak wagtlap siňňin syn etdi, eline aýna alyp synlady.
Berekellla ogul! Indi işiňde hakyky ussadyň tilsimi duýulýar! diýdi.
Begenjimdem bokurdagym doldy.
Şondan kän wagt geçmäni atam aradan çykdy. Eger işimi atama görkezip ýetişmedik, omuň ak patasyny almadyk bolsam, nähili bolardy diýen pikir kelläme gelende birhili bolýaryn.
Şondan bäri birnäçe ýyl geçdi. Indi meniň özüm mugallym. Talyplar bilen tanyşlygymy biziň öňümizde jogapkärli wezipe türkmen zergärleriniň ýoluny mynasyp dowam etmek wezipesi durandygyny ýatladýaryn. Türkmen zergärlik sungatynyň häzirki zaman dizaýny hem ülkämiziň zehinli ussatlarynyň şöhratly ýoluny dowam etmelidir.