Talap Ediji Delillendirmäge Borçludyr

Talap Ediji Delillendirmäge Borçludyr

Gepleşigimiziň bu sanynda ähliumumy hukugyň esasy kadalaryndan “talap ediji delillendirmäge borçludyr” ýörelgesi bilen bilelikde döwrebap hukugyň başlangyçlarynyň arasynda bar bolan bu dessur adalatly kazyýetiň alynky şerti hökmünde kabul edilýär.

Ilki bilen ýaş diňleýjilerimiziň könelişen dilde düzülen bu sözleme has gowy düşünmegi üçin bu ýörelgäni düşündirmek isleýäris. “Talap ediji delillendirmäge borçludyr” sözi, bir zady talap edýän adamyň ony delillendirme borjunyň bardygyny aňladýar. Gündelik durmuşda-da güýjüni saklaýan bu kada, döwrebap hukukda merkezi pozisiýa eýeleýär. Bu ýörelge adalatly kazyýet işi we bitaraplyk prinspi bilen ýakyndan arabaglanşylydyr.

Adalatly kazyýet işi kadasynyň talaplaryndan biri hökmünde taraplar deň şertlerde kazyýete çykarylmaly.Talap edýän tarapyň, talabyny delillendirme borjy, beýleki tarapyň aklanmak üçin mejbur bolmazlygy taýdan möhümdir.Bu kada kazyýetleriň bitarap we garaşsyz bolmagyny kepillendirýär.

Talap edýäniň delillendirme borjy kazyýetiň bitarap galmagyny we diňe hödürlenen delillere esaslanyp karar bermegini üpjün edýär. Şeýle hem Türkiýe bilen bilelikde käbir ýurtlaryň hukuk ulgamynda talap ediji organ günäkärlenýäniň bähbidine bolan delilleri hem toplamaga borçludyr.

Talap edýäniň delillendirme borjy islege bagly we esassyz günäkärlemeleriň öňüni alýar. Jenaýat kodeksinde jenaýat ýöňkelýän adamyň bigünälik prezumpsiýasy goralýar. Ol, “Günäsi subut edilýänçä her bir adam günäsizdir” diýlen kadanyň çäginde günäni subut etmegi talap ediji tarapyň borçlarynyň arasyna goşýar. Şeýlelikde raýatlaryň hukuklarynyň goralmagy nazarda tutulýar.

Häzirki döwürde adamzat swilizasiýasynyň ýeten sepgidinden garalanda yzyna alynmasyz tebigy hukuk ýaly görülýän “talap ediji delillendirmäge borçludyr” kadasy, aslyna seredilende döwrebap zamananyň gazananlaryndan biridir.Esasanda orta asyrlaryň Ýewropasynda kazyýetlerde günä ýöňkelen adamlaryň prezumpsiýasyny delillendirmegi möhümdir.

Engizisiýa ýaly dini esasly kazyýetlerde şertler hasam agyrdyr.Jadygöýdigi ýa-da dinden çykandygy öňe sürülen adamlaryn gaýnan suwa taşlanyp, ol ýerde çykan halatynda günäsiz kabul edilmegi ýaly tejribeler gynansagam taryhyň garaňky sahypalaryny emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Goranmak Ministrligi Bujetiniň Artdyrylmagyny Talap Etdi
Türkmen raýaty türkiýä syýahat wizasyny almak üçin yzyna gaýtjagyny kepil geçmeli
Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar
200 müňe golaý janköýer DÇ-2022-niň finalynyň gaýtadan oýnalmagynyň tarapdary
Gyrgyz Ýaşulylar Geňeşi Daşary Ýurtlardaky Gyrgyzlaryň Ýurda Dolanmagyny Talap Etdi
Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar