Talabyň köpelmegi netijesinde Aşgabat-Almaty uçar gatnawy ýygjamlaşdyrylýar

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Almata uçar gatnawynyň sanyny artdyrýar.

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan 27-nji oktýabryna çenli aralykdaky döwürde uçar gatnawy hepdede 2 gezek bolanlygyndan 3 gezege çenli köpeldiler. Bu barada 27-nji awgustda Gazagystanyň Inwestisiýa we ösüş ministrliginiň graždan awiasiýasy komitetiniň Feýsbuk sahypasynda habar berildi.

Uçar gatnawlary birinji gün, dördünji gün we altynjy gün, “Boeing-737” kysymly ýolagçy uçarlarynda amala aşyrylar.

Uçar gatnawynyň ýygjamlaşdyrylmagy iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawyna bolan talabyň dowamly ösmegi bilen bagly.

Ýene degişli makalalar

N.Hanamow: Türkmenistan un, çörek gytçylygyndan çykmak üçin Hytaýyň oba hojalyk tejribelerini ulanmaly
Türk kompaniýasy türkmen hökümetini tölege ukypsyzlykda aýyplaýar
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
“MTS-Türkmenistan” goş-golamyny ýygnap, Türkmenistandan çykýar
Intellinews: MTS Türkmenistandaky goşlaryny ýygnap, ýurtdan çykýar
Hudaýberdi Orazow: Dolandyryş meselesi çözülmese, ykdysady krizisi ýeňmek başartmaz