Tailandly Wongpattanakit taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Tailandly Wongpattanakit taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Tailanddan taekwondoçy Panipak Wongpattanakit Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 49 kg çenli agram kategoriýasynda altyn medal gazandy. Finalda ol ispaniýaly Adriana Seresodan üstün çykdy.

Bürünç medallary Ysraýylyň wekili Abişag Semberg we serb Tiýana Bogdanowiç aldy. Wongpattanakit 23 ýaşynda, ol 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazandy. Tailandly türgen 2015-nji (46 kg çenli) we 2019-njy ýylda (49 kg çenli) dünýä çempiony boldy.

Ýene degişli makalalar

09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Tahyr Ataýewiň orkestri dört ýyllygyny belledi
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Islam Mahaçew UFC-de bassyr dokuzynjy ýeňşini gazandy
Inzagiden soň Milanyň 9-njy belgisiniň keç ykbaly