Tailandda güýçli sil joşgunlarynda piller gark bolýar

Tailandda güýçli sil joşgunlarynda piller gark bolýar

Tailanddaky güýçli sil joşgunlarynda Çiangmaý şäheriniň goraghanasy gark boldy. Tebigy betbagtçylykda birnäçe pilleri suw äkitdi diýip, ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan rg.ru ýazýar.

Goraghanadan 100-den gowrak pili, ýüzlerçe haýwanlary, şol sanda gäwmişleri, doňuzlary, atlary, itleri, pişikleri we towşanlary başga ýere göçürmeli boldy.

Ýurtda ülkeleriň 20-sini suw basdy, sebitiň demirgazygynda bolsa, dokuz ülke gark boldy. Netijede, ol ýerde 8 müňden gowrak öý harap boldy.

Halas edijiler gaýyklarda uly haýwanlary halas etmekçi bolýarlar, emma güýçli suw akymy muňa päsgel berýär.

Goraghananyň direktory Saýengduan Çaýlertiň sözlerine görä, bu gezekki sil joşgunlary soňky ýyllarda iň güýçlüsidir. Suw üç metr ýokarlandy, ulaglary suw äkitdi diýip, ol aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günortasyny sil basdy
Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy
Luizianada ýangyn tutaşdy
Klişiçiýiwka Obasy Rus Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi
Dakkada bazarda dörän ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy
Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär