Tailandda 200-den gowrak maýmyn saklawhanadan gaçdy

Tailandda 200-den gowrak maýmyn saklawhanadan gaçdy

Tailandyň Lopburi şäheriniň saklawhanasyndan 200-den gowrak maýmyn gaçdy. Olar polisiýa bölümine, öýlere we demir ýok menziline hüjüm etdiler. Waka geçen şenbe agşamy boldy. Hukuk goraýjylar maýmynlaryň üýşüp gözenegi yralap, ýykandyklaryny anykladylar diýip, Bangkok Post neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kapasany eýýäm abatladylar. Ýekşenbe güni 40 töweregi maýmyn nahar wagty gaýdyp geldi. Hünärmenler häzir beýleki haýwanlary gözleýärler.

Maýmynlaryň köpçülikleýin gaçgaklygy şu aýda eýýäm ikinji gezek bolýar. Öň 40 sany maýmyn ABŞ-nyň Günorta Karolinadaky ylmy-barlag merkezinden gaçdy.

Ýene degişli makalalar

Tailandyň Parlamenti Petongtarn Çinawaty Hökümet başlyklygyna saýlandy
ABŞ-daky tebigy apatlarda 4 adam ýogaldy
Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Nepalda garry aýal krokodiliň hüjüminde aradan çykdy
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Taýlantda mal bazarynda ýangyn boldy