Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Taht-e Rawançi Ysraýylyň premýer-ministriniň BMG Baş Assambleýasyndaky toslan toslamalarynyň jogabynda: Sionist režimiň premýer-ministriniň Eýran baradaky çykyşy ýalanlardan doludy diýip nygtady.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili duşenbe güni öz twitter hasabynda ýüzlerçe ýadro ýaragy bolan Sionist režimiň Eýranyň parahatçylykly programmasyny ara alyp maslahatlaşyp bilmejekdigini belläp: Eýrandan gorkuzmak Birleşen Milletler Guramasynda iň ýokary derejesine ýetendir diýip beýan etdi.
Sionist režimiň premýer-ministri Naftali Bennet duşenbe güni BMG Baş Assambleýasynda bu režimiň Eýran Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ýadro programmasy baradaky aýyplamalaryny we toslamalaryny gaýtalady.
Ol şeýle-de Eýranyň soňky birnäçe ýylda ýadro gözleginde we ösüşinde uly öňe gidişlik edendigini boýun alyp (Centrifugus) merkezden gaçyryş hereketini sözler bilen saklap bolmaz diýdi.
Ysraýylyň premýer-ministri Eýranyň ýadro ýaraglary programmasynyň yzyna dolanyp bolmajak derejä ýetendigini we ähli gyzyl çyzyklardan geçendigini toslady.
Eýrana bildirilýän aýyplama bir ýagdaýdadyr welin azyndan 200 ýadro bombasy bolan we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň inspektorlaryna ýadro desgalaryny barlamaga rugsat bermedik Sionist režimiň premýer-ministri tarapyndan gaýtalanýar.