Taht-e rawançi: Sanksiýalaryň netijesi terrorçylyk we uruş jenaýatlary ýalydyr

Taht-e rawançi: Sanksiýalaryň netijesi terrorçylyk we uruş jenaýatlary ýalydyr

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili sanksiýalaryň täsirli, weýrançylykly we uzak möhletli netijeleriniň terrorçylyk ýaly rehimsizdigini we Uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlar ýaly jenaýatdygyny aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň anna güni beren habaryna görä Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takt-e rawançi BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde çaknaşyklardaky açlyk we gahatçylyk meselesi barada beren gürrüňlerinde dünýädäki azyk howpny çözmek üçin gabawlary we sanksiýalary ýatyrmak we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek zerurdyr diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili sözüniň dowamynda ýaragly çaknyşyklarda we basyp alyşlarda raýatlaryň azyk önümlerine elýeterliligini üpjün etmek halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda zerurdyr we Uruş ýaragy hökmünde parahat ilata açlyk çekdirmek hem gadagandyr diýip beýan etdi.

Rawançi şeýle-de, Ýemen halkyna garşy adamkärçiliksiz gabawyň derrew ýatyrylmagyndan we Gazanyň bikanun gabawynyň ýatyrylmagyndan has möhüm zadyň ýokdugyny aýtmak bilen sanksiýalary azyk howpynyň esasy sebäplerinden biri hökmünde görkezdi we Eýranyň azyk, derman we lukmançylyk enjamlaryna elýeterliliginiň öňüni almakda ABŞ-nyň sanksiýalarynyň şeýle hem, Eýranyň korona bilen netijeli göreşmek ukybyny gowşatmakdaky rolyny aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle-de sanksiýalaryň derrew ýatyrylmagyna azyk howpyna garşy göreşde esasy ädim hökmünde garalmalydyr.

Ýene degişli makalalar

YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň guramadaky ornunyň ýokarlanýandygyny belledi
Dünýädäki azyk krizisinde BMG-nyň hereketine Eýranyň goldawy
Takht-e Ravançi: Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalar adamzada garşy jenaýat
Baş sekretaryň adam hukuklary boýunça orunbasary: ABŞ-nyň Serdar Soleýmaniň janyna kast etmegi dünýäde adam hukuklarynyň gyrylmagy boldy
Taht e- Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklary çäksiz däl
Taht-e Rawançi: Ysraýylyň premýer-ministriniň Eýran baradaky çykyşy ýalanlardan dolydyr
Owganystanyň goňşularynyň Daşary işler ministrleriniň Tährandaky duşuşygynyň indiki tapgyry