Taht e- Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklary çäksiz däl

Taht e- Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklary çäksiz däl

Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Takht-e Rawançi, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň ygtyýarlyklarynyň çäksiz we kanundan ýokary däldigini aýtmak bilen bu geňeş esassyz ýa-da halkara hukugyny hasaba almazdan hereket edip bilmez diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni BMG Baş Assambleýasynda Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekili Majid Takht-e Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşiniň işlerine ser edňde, onuň artýan netijesizliginiň kanunylyk we ygtybarlylyk krizisine sebäp bolandygyny we bu geňeşe bolan ynamyň çynlakaý pese gaçandygyny görkezýär we düzedişleri hökmäni edýär diýdi.

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly diplomaty: Howpsuzlyk Geňeşini özgertmek işiniň esasy maksady häzirki ähli kynçylyklary we netijesizlikleri çözmek we ony hakykatdanam täsirli, aç-açan, jogapkärçilikli we ilkinji nobatda kanuny edara öwürmek bolmalydyr diýip yglan etdi.

Takht-e Rawançi sözüniň üstüni ýetirdi: Geňeş agzalarynyň köpelmegini, dürli sebitleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bar bolan deňsizligi ýok etmek üçin bir çäre hökmünde goldaýarys, ýöne bu çäräni özbaşdak maksat hökmünde kabul etmeýäris diýdi.

Ýene degişli makalalar

YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň guramadaky ornunyň ýokarlanýandygyny belledi
Türkmen wekiliýeti YHG-niň Ministrler Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan, YHG Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmagy maslahatlaşdylar
Takht-e Ravançi: Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalar adamzada garşy jenaýat
Baş sekretaryň adam hukuklary boýunça orunbasary: ABŞ-nyň Serdar Soleýmaniň janyna kast etmegi dünýäde adam hukuklarynyň gyrylmagy boldy
Taht-e Rawançi: Ysraýylyň premýer-ministriniň Eýran baradaky çykyşy ýalanlardan dolydyr