“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”

“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”

Eýran düýn agşamara Ysraýyla, Hakyky wada-2 raketa hüjümini gurady.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, ýurda Eýrandan raketa atylandygy nygtaldy.

Raketalar sebäpli paýtagt Tel-Awiwiň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda sirenalar çaldy.

Halka berlen duýduryşlara gulak asmaklary we howpsuz ýerlerde galmaklary üçin çagyryş berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Daniel Hagari, raketa hüjüminden soň metbugata beýannama berdi.

Eýranyň hüjümleri sebäpli goranyş hem-de hüjüm taýdan taýardyklaryny aýdan Hagari, “Elbetde bu raketalara degişli gaýtawuly görkezeris we herekete geçeris” diýip belledi.

Eýrana hüjüm guralyp guralmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Hagari “Ýokary derejeli taýarlyklar dowam edýär” diýdi.

Hüjümlerden soň metbugata beýannama beren Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Eýranyň raketa hüjüminiň netijesizdigine ünsi çekdi.

Netanýahu, atylan raketalaryň hatardan çykarylmagyna beren goldawy sebäpli ABŞ-na sagbolsun aýtdy.

Netanýahu Eýranyň raketa hüjümi bilen uly ýalňyşlyk edendigini we Tähranyň jerimesini çekjekdigini öňe sürdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Kats hem sosial mediadan beren habarnamasynda Eýranyň hökümetiniň “gyzyl çägi” geçendigini we degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ýüzlerçe adam Netanýahuny protest etmek üçin Tel-Awiwe ýöriş etdi
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär