Türkmenistanyň häkimiýetleri ýakyn geljekdäki iki-üç aýy içinde daşary ýurt diplomatlaryny “Owadandepe” türmesini gormäge goýbermekçi bolýar diýip, АНТ habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, bu sapar şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, “ýurduň halkara jemgyýetçiligindäki abraýyny gowulandyrmak” maksady bilen amala aşyrylar. Häzirki pursatda saparyň anyk haçan boljagy, türmä goýberiljek delegasiýanyň düzümi belli däl. Emma türmäniň ýorbaşçylary eýýämden bu sapara taýýarlyk görýärler.
“Owadandepe” türmesine günde Saglygy saklaýyş ministrliginden, IIM-niň merkezi esdarasyndan komissiýa gelýär, olar kameralaryň ýagdaýyny we sanitar-gigiýena şertlerini barlaýarlar, naharhana, azyk ammarlaryna baryp görýärler, tussaglar bilen gürleşip, olardan arz-şikaýatlary, saglyk problemalary barmy ýa ýok, soraşdyrýarlar.
Diplomatlar türmäniň diňe belli bir kesgitlenen bölümlerine goýberiler öýdülýär. Ähtimal ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek aýyplamasy esasynda ýyl kesilen tussaglaryň we dini aýyplamarda aýyplanan bendileriň saklanylýan ýerleri barada gürrüň barmaýar.
Diplomatlara tussaglar bilen gürleşmäge hem rugsat berilmez diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti habar berýär.