Tagtabazarly gallaçylar ilkinji bolup bugdaý borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Tagtabazarly gallaçylar ilkinji bolup bugdaý borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçileriniň bugdaý tabşyrmak boýunça Watan öňündäki ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty kabul edip, ekerançylary zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň galla hasylyny ýygnamak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylda Tagtabazar etrabynyň edermen gallaçylary 7500 gektarda ýetişdirilen bugdaýdan 17300 tonnanyň ýerine, 17335 tonnadan geçirip bereketli hasyl almagyň hötdesinden geldiler.Bu baradaky tabşyryk 100,33 göterim ýerine ýetirildi.

Ortaça her gektardan alnan hasyl 23 sentnere barabar boldy.Bu zähmet üstünliginiň gazanylmagyna etrabyň ähli daýhan birleşikleriniň, hususan-da, Marçak, Saryýazy, Azatlyk, Ýaşlyk daýhan birleşikleriniň uly goşant goşandyklaryny bellemek gerek.

Etrapda kombaýnlar, ýük daşaýjy awtoulaglar gije-gündiz bökdençsiz işledilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
12.02.2018 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Murgapda suw az; gowaça ekişinden saklanmagy maslahat berýärler
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Mary welaýatynda suwdan peýdalanyjylaryň kiçi basseýn geňeşligi döredildi