Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeş aň-düşünje guramasy Türkmenistanda göz öňünde tutulýan nobatdaky konstitusion özgertmeler hem-de munuň ýurtda ýol açmagy ahmal häkimiýet çalşygy barada 21-nji oktýabrda makala çap etdi. Ýewraziýa sebiti boýunça synçy Wiktorýa Klementiň awtorlygynda çap edilen makala “Passing the baton in Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanda estafeta taýagyny geçirmek” atlandyrylýar.
Makalada Türkmenistanda göz öňünde tutulýan konstitusion özgertmeleriň fonunda ýurtda häkimiýet çalşygynyň mümkin bolan senariýalary barada gürrüň gozgalýar.Klement prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda eden çykyşynda ýurduň kanun çykaryjy ulgamyna üýtgeşmeleri girizip, iki palataly ulgama geçmek, Halk Maslahatyny kanun çykaryjy ulgamyň düzümine girizmek boýunça eden teklibine salgylanýar; bu teklibe ýurtda häkimiýet kürsüsini nesilden-nesle, has takygy ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirmek ugrunda edilýän tagallalaryň bir bölegi hökmünde baha berýär. “[...] Bu özgertmeler Türkmenistanyň 5 million ilaty üçin şol bir prezident awtoritarçylygyny alamatlandyrýar.
Paýtagt Aşgabat prezidentiň öz ogly Serdary häkimiýet başyna geçirmegi, özüniň hem dana geňeşdar bolup, tagtyň üstünde däl arkasynda häkimiýetde bolmagy planlaşdyrýandygyny pyşyrdaýar.Aslynda Berdimuhamedow häkimiýetde galmak bilen bir hatarda ogluna nesilden-nesle geçýän mirasdüşerligi mäkämleýär” diýip, Klement aýdýar.
WIDEO: Häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi Waşingtonyň abraýly ylmy-barlag institutynyň neşirinde çap bolan makalada synçy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Berdimuhamedowyň Halk Maslahatyny kanun çykaryjy ulgamyň düzümine girizmek bilen ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy ulgamda kesgitleýji pozisiýa eýe bolýandygyna ünsi çekýär; muny Eýranyň döwlet dolandyryş sistemasynda Ýokary lideriň wezipesine meňzedýär.
Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Berdimuhamedowyň Türkmenistanda Şa maşgalasyny döretmek, tagty öz ogluna miras galdyryp, özüniň hem häkimiýetde galmak boýunça edýän tagallalaryna meňzeş göçümleriň göze ilýändigi bilen ylalaşýar: “Birinjilik bilen biziň ýatlamaly zadymyz, makalada-da aýdylyşy ýaly, Berdimuhamedow iýul aýynda birden gözden gaýyp boldy, bu tötänlik bolman biler; haçan-da ol awgust aýynda täzeden peýda bolandan soň, birden sentýabrda parlamenti iki palataly ulgama geçirmeli bolarys’ diýip başlady” diýip, Panniýer aýtdy.
Onuň ynanjyna görä, Berdimuhamedowyň bu teklibi onuň özüniň iş ýüzünde kanun çykaryjy ulgamyň başynda ýurtda kagyz ýüzündäki ikinji adam bolup, iş ýüzünde aňsatlyk bilen ýurdy dolandyrmak isleýändigi barada pikir döretdi.
Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurduň Mejlisinde we daşary syýasat edarasynda dürli ýokary wezipeler, şeýle-de syýasy nukdaýnazardan ýurtda iň esasy welaýat bolan Ahal welaýatynda häkimlik wezipesi ynanyldy.
Klement bilen Panniýeriň ikisi-de bu ýagdaýa ünsi çekýär; olar Türkmenistanda Serdaryň häkimiýet basgançaklaryna gyssagly dyrmaşdyrylýandygyny aýdýarlar. “Berdimuhamedow bu plany bireýýäm tizleşdiren ýaly bolup görünýär.Ol agtygy Kerimi häkimiýet başynda görjek derejede uzak ýaşamaryn öýdüp, onuň deregine, iň azyndan teoriýada, Serdary [sahna çykardy]. Ýöne Serdaram bir ilgezek adam däl, görýän bolsaňyz, ol köp suratlarda esli aljyraňňy görünýär” diýip, Panniýer aýtdy.
Wideo: Berdimuhamedow ogluny Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi Klement Berdimuhamedowyň sentýabrda parlamenti özgertmek boýunça eden çykyşynyň ogly Serdaryň haçan-da 40 ýaşa ýetende prezidentlige saýlanmagy üçin edilen göçümdigini, şeýlelikde uly Berdimuhamedowyň ölýänçä häkimiýet başynda galmaga niýetlenýändigini nygtaýar.
Panniýer munuň bilen Berdimuhamedowyň şu günler Ýaponiýa sapar edip, ýapon imperatory Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmagynyň arasynda arabaglanyşyk gurýar: “Simwoliki jähtden, bu onuň [öz ýurdunda] edil isleýän zady” diýip, ol aýdýar. 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenabat şäherinde geçirilen ylgaw ýaryşyna prezident ogly Serdar bilen gatnaşdy we oňa estafeta taýagyny gowşurdy.
Bu Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezildi.Panniýeriň ynanjyna görä, Serdar prezident bolan ýagdaýynda-da ýurtda ýagdaýlar üýtgemez.Galyberse-de ekspertiň sözlerine görä, haçan-da prezidentler wezipeden çekilende ýurduň ilaty özgerişe garaşýar.
Ol mart aýynda Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegini muňa mysal görkezýär, munuň yzýany ýurtda ýüze çykyp başlan protestlere salgylanýar. “Tagta öz ogluny oturdany bilen muňa ýurduň ilaty begenip barmaz.
Gaýtam tersine, adamlar muňa öte gazaplanar” diýip, Panniýer belledi.Türkmenistanda iki palataly ulgama geçmek boýunça konstitusiýa giriziljek özgertmeleriň 2020-nji ýylda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilmegine garaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.