Internet söwdasy bilen meşgullanýan Amazon kompaniýasy bilen Metro Goldwyn Mayer (MGM) kompaniýasy 8,45 milliard dollarlyk şertnama gol çekdiler. Şeýlelikde, MGM Amazon-yň eýeçiligine geçdi.Bu ylalaşyk köpçülige mälim edilenden soňra, Amazon-yň biržadaky paýnamalary 0,5 göterim gymmatlady.
MGM-yň arhiwinde 4 müňden gowrak kino we 17 müňden gowrak telefilm bar.Amazon 2017-nji ýylda 13,7 milliard dollara Whole Foods supermarketler toruny satyn alypdy.
Soňky wagtlarda mediýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ösdürilýär.Mundan ozal öz tomaşaçylaryna tölegli hyzmat hödürleýän teleýaýlymlar Netflix, Disney+, Apple+ ýaly arhiwindäki islendik filme islendik wagtda sanly ulgam arkaly tomaşa edip bolýan platformalar peýda boldy.
Bu bolsa mediýa kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşligi we hyzmatdaşlygy artdyrdy.Golaýda AT&T amerikan telekommunikasiýa kompaniýasynyň eýeçiligindäki Warner Media Discovery tölegli teleýaýlymyny 43 milliard dollara satyn alypdy.AT&T Inc.
soňky üç ýylyň dowamynda mediýa pudagyna jemi 85 milliard dollarlyk maýa goýum goýdy.AT&T-niň eýeçilik HBO tölegli teleýaýlamynyň abunaçylarynyň sany 63 milliona golaý.Discovery-niň bolsa, Animal Planet hem hasaba alnanda 88 million abunaçysy bar.
Oguljahan Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.