Täze Zelandiýanyň parlamentinde taryhda ilkinji gezek zenan deputatlaryň erkek kanun çykaryjylara garanda artandygy hasaba alyndy. Bu barada ýerli radioýaýlyma salgylanyp, MIR 24 ýazýar.
Ýurduň liberal Leýboristler partiýasynyň wekili Soraýýa Peke-Meýson golaýda parlamentde kasam kabul etdi, ol öňki spiker Trewor Mallardy çalyşdy, netijede, Täze Zelandiýanyň kanun çykaryjy edarasynda 59 erkek we 60 zenan galdy.
Şunlukda, Täze Zelandiýa şu ýyl öz parlamentlerinde iň köp zenanlar işleýän ýurtlaryň sanawyna girer, şeýle ýurtlaryň hatarynda Kuba, Meksika, Nikaragua, Ruanda we Birleşen Arap Emirlikleri bar.