Täze Zelandiýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar gadagan ediler

Täze Zelandiýanyň ähli mekdeplerinde akylly telefonlaryň ulanylmagy doly gadagan ediler. Bu barada ýurduň täze Premýer-ministri Kristofer Lakson habar berdi.

-Biz ýurdumyzyň umumy bilim berýän ähli mekdeplerinde ykjam telefonlary gadagan etmek barada karara geldik. Munuň bilim ulgamynda örän gowy netijeleri berýändigi geçirilen barlaglar tassyklaýar diýip, Lakson žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we ýurduň käbir mekdepleriniň şeýle karary eýýäm özbaşdak kabul edendiklerini we oňat netijeleri gazanandyklaryny belledi.

Şeýle-de, Lakson ýurduň täze hökümetiniň “mekdepleri okuwçylaryň akademiki üstünliklerine gönükdirýän hökmany bilim ülňülerini ornaşdyrmakçydygyny” habar berdi aýtdy.

-Bize hünärmenler tarapyndan ylalaşylan we mazmunynyň çaganyň ýaşyna laýyklygyny kepillendirýän okuw maksatnamasy gerek. Şeýle-de, ene-atalaryň hem bu barada bilmegi we şeýle okuwdan ýüz öwürmek mümkinçiligine eýe bolmagy-da möhümdir diýip, ol aýtdy.

Täze Zelandiýada parlament saýlawlary 14-nji oktýabrda geçirildi. Olaryň netijesi boýunça, has köp ses alan Milli partiýa (TZMP) ýurduň täze hökümetini döretdi. Onuň ýolbaşçysy Täze Zelandiýanyň 42-nji Premýer-ministri bolan TZMP-niň lideri Kristofer Lakson boldy.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
Täze Zelandiýada täze hökümet döredildi
Täze Zelandiýanyň täze Hökümet başlygy kasam kabul etdi
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Oskarly režissýor Nolan täze filmine “Hollywood”-yň ýyldyzlaryny çagyrdy
London we Riodan soň Parižde-de altyn medala mynasyp boldy