Täze Zelandiýaly 11 aýlyk bäbek dünýäniň 23 ýurduna syýahat etdi

Täze Zelandiýaly 11 aýlyk bäbek dünýäniň 23 ýurduna syýahat etdi

Beks Lýuis we Uill Montgomeri ýaş çatynjalar geçen ýylyň awgust aýynda Atlas diýip at beren bäbekleri dogulanyndan soň, çaga dogulandygy üçin berilen rugsatlaryny dynç almak üçin ulanmak barada karara geldiler.

Täze Zelandiýanyň Kwinstaun şäherindäki öýlerinden ýola çykan maşgala, Ýewropa syýahat etmek barada karara geldiler.

Atlas Şweýsariýada emedeklemegi öwrendi, ilkinji dişi Norwegiýada çykdy we Fransiaýda gaty azyklar iýmäge başlady.

"Ozal çaga bilen syýahat edip bolar diýip pikir etmändim. Bu ýeňil görünmeýärdi, ýöne beýle bir kynam däl eken" diýip aýdan çaganyň ene-atasy, bir mikroawtobus satyn alyp, Italiýa, San-Marin, Şweýsariýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Awstriýa, Çehiýa, Daniýa we Norwegiýa ýaly ýurtlary öz içine alýan syýahatlarynda 23 ýurda syýahat etmegi başardylar.

Syýahatlaryny tamamlan mahallary Atlas, 1 ýaşyndan 1 gün ozal 25 ýurda syýahat etdigi bolar.

Ýene degişli makalalar

Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi
Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary şu Gün Başlaýar
Stambul-Ýerewan Uçar Saparlary Başlaýar
“Lucy” enjamy älem giňişligine çykaryldy
Deňiz güýçleriniň Atlasdan gaýdyp gelmeginden soň ýaragly Güýçleriň Baş Serkerdesiniň beren sargydy
Tesla “Tesla Bot” robotyny tanyşdyrýar