Koronawirus ýokançlygynyň täze tolkunynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly Täze Zelandiýanyň hökümeti santitariýa çärelerini ýene-de güýçlendirdi.
Ýurduň premýer-ministri Jasinda Arderniň pikiriçe, tutuş ýurt boýunça üç günläp berk çäklendirmeler bolar. Oklenddäki çäklendirmeler bolsa ýedi güne çenli dowam eder.
Finans.rambler.ru-nyň habar bermegine görä, bu döwürde şäheriň ähli kärhanalary we edaralary ýapylar, okuwlar uzak aralykdan geçiriler we şäheriň ýaşaýjylaryna öýde galmak we diňe zerur bolan halatynda daşary çykmak maslahat berilýär.