Täze Zelandiýada J.R.R.Tolkiniň adybir eseri boýunça döredilen “Ýüzükleriň hökmürowany” teleserialynyň surata düşürilişi tamamlandy diýip, lenta.ru “The Independent” neşirine salgylanmak bilen habar berýär.
Surata düşüriliş ýylyň başynda başlapdy, ýöne bir aýdan awtorlar koronawirus pandemiýasy sebäpli işleri togtatmaga mejbur boldular.Sentýabr aýynda ol dikeldildi, dekabr aýynyň ahyrynda bolsa ispan režissýory Huan Antonio Baýona Instagramynda surata düşürilişiň şu aýyň başynda tamamlanandygyny aňladýan surat ýerleşdirdi. Özüniň ýalaňaç aýagynyň suratyny ol şeýle teswirledi: “Täze Zelandiýadan soňky kadr.
Meniň bu ajaýyp topraga we ajaýyp adamlara soňky bir ýarym ýylyň içinde bu ýerde bolup geçen zatlar üçin minnetdarlyk bildirmäge sözüm ýetenok.Yzyma dolanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, serial ekrana 2021-nji ýylda çykmaly.