Täze Zelandiýada deputatlar parlamentiň işini tans etmek bilen bozdular

Täze Zelandiýada deputatlar parlamentiň işini tans etmek bilen bozdular

Täze Zelandiýanyň Parlamenti ýurduň Maori partiýasyndan bolan deputatlaryň däp tansyny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, işini togtatmaly boldy.

Parlamentde ýurduň asyl maori halkynyň statusy barada düzgüni öz içine alýan kanun taslamasynyň birinji okalyşygy geçýärdi. Resminama laýyklykda, ýurduň çäginde ýaşaýanlaryň ählisi kanunyň öňünde deň bolmalydy. Bu düzgün 1840-njy ýyllarda britan täjiniň maoriler bilen ylalaşygyndan tapawutlanýardy we asyl halkyň wekilleriniň köpüsi öz hukuklaryny öňküsi ýaly saklap galmak isleýärdiler. Bu barada New Zealand Herald gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Kanun taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýarka, Maori partiýasyndan bolan deputatlaryň birnäçesi ýerlerinden turup, maorileriň harby haka tansyny ýerine ýetirmäge başladylar. Ýygnak saklandy. Wekiller palatasynyň başlygy deputatlaryň tansyna elhenç we äsgermezlik hökmünde baha berdi. Ondan soňra kanun taslamasy birinji okalyşykda kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
“Forsaž 9” filmi Hytaýda birinji gününde 59,3 million dollar gazandy
Türkiýe, Hindistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Ysraýyl palestinaly 5 çagany göz tussaglygyna alanyndan birnäçe wagt soň azat etdi
Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi
Welaýati: Marokkanyň sionist režimi bilen gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmagy Yslam dünýäsine dönüklikdir