Täze zaman ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze köpri gurlar

Täze zaman ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze köpri gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen Täze zaman ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:44-46-64,44-46-77.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar
Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi
Türkmenistanyň telekeçileri döwrebap söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrylýar
Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň täze binasy gurlar
USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar