Täze Ýyldan Bäri Yragyň we Siriýanyň Demirgazygynda 1835 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Täze Ýyldan Bäri Yragyň we Siriýanyň Demirgazygynda 1835 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigi nygtaldy.

Türk ýaragly güýçleriniň PKK/KJK/PÝD-ÝPG, DEAŞ we FETÖ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda ähli howplara garşy egilşiksiz göreşiniň dowam edýändigi nygtalyp, “Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda soňky 1 hepde-de 33 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde täze ýyldan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 1835-e, 2015-nji ýyldan bäri 24-nji iýulyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 39 müň 178-e ýetdi” diýildi.

Beýannamada, üstümizdäki aýyň başyndan bäri Yragyň demirgazygynda Hakurk, Gara we Kandil etrapçalarynda terrorçylara degişli nyşanalaryň hatardan çykarlandygy nygtalyp, “Howa hüjümlerinde terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, terrorçylara degişli gowak, gaçybatalga we ammar bilen birlikde jemi 27 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy”diýildi.

Ýene degişli makalalar

PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Saliha Akbyýyk Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 8 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Azad Akynjy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi