Adatdakysy ýaly, Köne ýyl ornuny Täze ýyla bermejek bolýar doňuz her dürli tagamly sebediň içindäkileri dogumlyja syçan bilen paýlaşmak islemeýär. Masgarabazlar Pena Myratdurdyýew bilen Arça Meredow Türkmen döwlet sirkinde mekdep dynç alşy günleri çagalar üçin guralan Täze ýyl tomaşasyny şeýle repriza bilen başladylar.
Soňra tomaşaçylar Aýazbabadyr Garpamygy, žonglýorlardyr akrobatlary, masgarabazlary we howa gimnastlaryny täze ýyl tomaşasyna gatnaşýanlaryň ählisini, mundan başga-da, indi sirkde çykyş etmäge taýýarlanýan alabaý itleriň ikisini we maýmynjygy şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar.
Kepderiler atly tomaşada duw-ak lybasly gyzjagazlaryň ikisi Medine Baýramdurdyýewa bilen ilkinji gezek çykyş edýän Merjen Seýitnazarowa eldekileşdirilen ak kepderileri şarlara gonduryp, çagalaryň el çarpmalaryny gazandylar.
Gaýduwsyz howa gimnasty Lilianna Ýusupowa tomaşaçylary tolgunmaga mejbur etdi. Ýaşyl-altynsow trikoly näzik gyz tegelekde haýran galdyryjy tilsimleri nepislik bilen ýerine ýetirdi.Lilianna at üstündäki oýunlarda hem çykyş edýär.
At üstünde çykyş etmek gorkunçmy ýa-da howada? - diýen sowala ol aljyrap birbada jogap berip bilmedi.Onsoň men sowaly birneme üýtgetdim: Howa kulbitleri gowumy ýa-da at üstündäki oýunlar?.
Elbetde, uçup barýan ahal-teke bedewlerinde çykyş edeniň lezzeti saýry.Olar şeýle bir ajap!-diýip säginmän jogap berdi.
Ekwilibrist Arslan Kuraýew Tegekler atly oýun bilen çykyş etdi. Tegege münüp deňagramlylygyňy saklamak, üstesine-de halkalarda tilsim görkezmek, belki, başarnygyny haýran ediji sungata öwrüp bilýän diňe sirk artistlerine mahsus bolsa gerek.
Masgarabazlar Röwşen Meläýew we Pena Myratdurdyýew öňden hem halanylýan Oýmakçy çykyşyny görkezdiler. Oýmagyň astyndan birden Penanyň kellesi, birdenem bolsa onuň ýumrugy çykýar, girdenäniň pöwhäni aldaýşyna çagalar gülüp hezil etdiler.
Çakgan akrobatiki tilsimleri halaýanlar belende bökmek we çylşyrymly kulbitler ussatlary bilen birlikde howada çylşyrymly nagyş çeken ýüpleriň birine-de bulaşman, olardan böküp geçýän oglanjygyň çykyşyna maýyl boldular.Bu çalasyn oglanjyk Emin Orazlyýew.
Ol Parahat Orazlyýewiň ogly, ýakynlary, kärdeşleri we sirk sungatynyň köpsanly muşdaklary onuň hatyrasyny sarpalap, ony hiç haçan ýatdan çykarmazlar.Emin diňe bir akrobatikada däl, eýsem beýleki sirk žanrlarynyň ählisinde-de jyda ukyply çaga.
Işiň oň bolsun, oglanjyk!
Serdar Baýramdurdyýew Aty bile kafe gelen diýen özboluşly çykyşy görkezdi. Onuň aty adaty adam ýaly kürsä geçip arkaýyn ornaşdy, ofisiant tabşyrylan zatlary getirensoň, ol naharlanyp ugrady...
Çykyşy Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Galkynyş at üstündäki milli oýunlar toparynyň batyrgaý we ussat jigitleri jemlediler. Batyrgaý çapyksuwarlar we owadan gyzlar çapyp barýan at üstünde howply tilsimleri ýerine ýetirdiler. Iki bedewiň üstünde bäş adamdan ybarat piramida ulylardyr çagalar haýran galdylar.
Meýdança ýene-de Aýazbaba bilen Garpamyk çykyp, tomaşaçylary Täze ýyl bilen gutlap, olara ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Täsirli çykyşlara gatnaşanlaryň ählisi-de olara goşuldylar. Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky estrada orkestri dabaraly sazlar bilen jemleýji pursady beýan etdi.
Aýaz baba --Bir! Iki! Üç! -- diýenden arçajygyň çyralary ýandy, oňa tomaşaçylar we körpeler şowhunly el çarpmalar bilen jogap berdiler. Çagalaryňam, ulularyňam gözüň alnynda jady görkezýän sirkden asla gidesleri gelmeýärdi...