
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler.
15-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow, Çynar Jumaýewa, Jahan Tagyýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigiň ýeňijisleri Söhbet Kasymow, Begenç Çaryýew dagy özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.
Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.
Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.