Täze ýyl arçasyny bezemegiň däp-dessurlary ilki Germaniýada ýüze çykyp, soňra beýleki ýurtlara aralaşýar.Maglumatlara görä, arça bezemegiň däpleri nemes reformatory Martin Lýuter (1483-1546) tarapyndan başy başlanýar.
Martin Lýuter 1513-nji ýylda Roždestwo baýramçylygynyň öň ýanynda agşam çagy öýüne gelýärkä asman giňişligini tutup duran gür ýyldyzlar toplumynyň gözelligine haýran galýar. Şol gije hatda ýagty ýyldyzlaryň öwüşginleri arçalaryň iňňepisint ýapraklara hem düşüp, şöhlelenýär.
Ol öýüne gelensoň, iş stolunyň üstünde arçajyk goýup, ony şemler bilen bezeýär.Onuň üstünde bolsa, Wifleýem ýyldyzyny ýatlatýan ýyldyzjygy berkidýär.
Şeýe hem, XVI asyrda Merkezi Ýewropada Täze ýyl gijesi stoluň üstünde bala gaýnadylan alma, garaly, armyt we hoz bilen bezelen kiçijik buk agajy goýlupdyr.XVII asyryň ikinji ýarymynda nemes we şweýsar maşgalalarynda täze ýyl suprasynda iňňe pürli agaçlary goýmak däpleri giňden ýaýrap ugraýar.
Ilki-ilkiler kiçijik arçajyklar dürli kemputdyr almajyklar bilen bezelipdir, asylypdyr, soň-soňlar bolsa, uly arçany bezemek däpleri ýola goýlupdyr.
XIX asyryň başlaryna çenli arça bezemek däpleri Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna hem aralaşyp ugraýar. Şwesiýada ilkinji täze ýyl arçasynyň XVIII asyrda, Finlýandiýada 1800-nji ýylda, Daniýada 1810-njy ýylda, Norwegiýada 1828-nji ýylda dikeldilendigi barada maglumatlar bar. Belgiýa we Niderlandlarda bolsa, arça agajy diňe XIX asyryň ortalarynda peýda bolýar.
Parižde ilkinji täze ýyl arçasy 1840-njy ýylda Korol Lui Filippiň köşgüniň öňünde peýda peýda bolýar. Bu wakanyň esasy sebäpkäri korolyň aýaly, asly germaniýaly Ýelena Orleanskaýa bolýar.
Angliýada ilkinji Täze ýyl arçasy 1841-nji ýylda Korol zenan Wiktoriýa, germaniýaly Albert Saksen-Koburga durmuşa çykanda Windsor köşgünde peýda bolýar.
Täze ýyl arçasy germaniýaly migrantlaryň goldawy bilen Amerika eltilýär. Ilki ony şemler, miweler, süýjülikler bilen bezän bolsalar, soňabaka ony mumdan, pamykdan, kartondan we aýnadan ýasalan dürli jäjejikler bilen bezäpdirler.
Russiýada Täze ýyl arçasyny bezemegiň däpleri Pýotr I ýardamy bilen ýüze çykýar.Ol ýaşlyk ýyllarynda Germaniýada Roždestwo baýramçylygynda bolanda, alma we kemput bilen bezelen arça agaçlaryna geň galyp seredipdir.
Bu görnüş onuň göwnüni göteripdir. Şeýlelikde, Pýotr I tagta çykandan soňra Ýewropadaky ýaly Täze ýyl baýramçylygyny bellemek hakynda 1699-njy ýylyň 20-nji dekabrynda perman çykarýar. Ýöne Russiýada täze ýyly alamatlandyrýan arça bir asyr soňra XIX asyryň 40-njy ýyllarynda giňden ornaşyp ugraýar.
1817-nji ýylda Nikolaý I Pawlowiç prus şazadasy Luiza Şarlotta öýlenýär. Şazada zenan täze ýyl zyýapatynda arça agajyny goýmagyň däplerini teklip edýär. Şeýlelikde, 1819-njy ýylda Nikolaý I aýalynyň haýyşy bilen ilkinji gezek Sankt-Peterburgdaky Aniçkow köşgünde täze ýyl arçasyny dikeldýär. 1852-nji ýylda bolsa, Ýekaterina şaýolunda ilkinji gezek köpçülik üçin niýetlenen täze ýyl arçasy dikeldilýär. Şeýlelikde, şäherlerde arça bolan islegler artyp ugraýar.
Birinji jahan urşy ýyllarynda arça bezemegiň däpleri dowam etdirilmändir.
Ozalky sowet häkimiýeti ýyllarynda ilkinji köpçülige niýetlenen arça 1917-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Sankt-Peterburgda oturdylýar. 1938-nji ýylda bolsa, Moskwada 10 müňden gowrak oýunjak bilen bezelen ýurduň 15 metrlik baş arçasy dikeldilip, bu däp häzirki günlere çenli dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda dünýäde Täze ýyl arçasyny bezemegiň birgiden usullary bar.Olaryň has giňden ýaýrany bolsa, arçalary dürli jäjejikler, çyrajyklar we zerli sapaklar bilen bezelmegidir.Geçen ýyllarda dünýä ýurtlarynyň köpüsinde tebigy arçalar emeli arçalar çalşylyp, olaryň käbiri hakyky arçadan onçakly tapawut etmeýär.
Gündogar kalendary boýunça 2023-nji ýyl towşan ýyldydyr. Şoňa görä käbir ýurtlarda täze ýyl arçasyny ak, çal, kümüşpisint reňkli bezegler bilen bezeýärler.
Oguljennet Muhammedowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.