Täze ýolagçy uçary gelip gondy

Täze ýolagçy uçary gelip gondy

Düýn 5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Boeing 777-300ER kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli Boeing kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.

Boeing 777-300ER uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri howa menziline täze ýolagçy uçarynyň getirilmegi bilen bagly ýagşy däpleri ýerine ýetirdiler. Täze uçar düýn Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Iki ýurduň paýtagtlary Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

8 günlügine kosmosa gitdiler, haçan geljekleri belli däl
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Täze Boeing 777-300ER kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy