Türkiýe 13-nji sentýabrda Aşgabadyň haýyşy bilen Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. Mundan ozal, türkmenistanlylar 30 günüň dowamynda Türkiýä wizasyz syýahat edip bilýärdi.
Türk prezidentiniň türkmenler üçin wizasyz syýahaty ýatyrmak barada gol çeken karary Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Türkiýe döwletinden türkmen raýatlary üçin dürli görnüşli wizalary girizmegi sorandygyny mälim etmeginiň edil yz ýanyna gabat geldi.
Eýsem, täze düzgün Türkmenistanyň raýatlaryna, hususan-da Türkiýede öňden bäri ýaşaýan türkmenistanlylaryň durmuşyna nähili täsir eder?
Biz bu soraga jogap gözläp, düýbi stambulda ýerleşýän “Turkpermit” hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy, migrasiýa işleri boýunça hünärmen Murat Erşahin bilen söhbetdeşlik geçirdik.