Täze wirtual telefon belgileri balkanlylaryň tamasyny “ödemeýär”

Täze wirtual telefon belgileri balkanlylaryň tamasyny “ödemeýär”

Türkmenistanda ýakynda ulanmaga berlen täze wirtual telefon belgileri edilen tamany ödemeýär we raýatlar lapykeç bolýarlar diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy bilen gürleşen raýatlar munuň sebäbini bu belgileriň Aşgabatdan başga ýerde hödürlenmezligi bilen düşündirýärler.

“Altyn Asyryň Türkmenbaşydaky edarasyna baranymda, wirtual telefon belgileriniň diňe Aşgabatda satylýandygyny bilip galdym. Aragatnaşyk işgärleri bu belgileriň paýtagtdan başga ýerde işlemeýändigini, hatda Aşgabadyň içinde hem eSim işlemeýän ýerleriň bardygyny hem aýtdylar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde 26-njy fewralda gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan "Altyn Asyr" kompaniýasynyň ýerli edarasynyň birnäçe işgäri bu hyzmatyň Türkmenbaşyda 2025-nji ýylda, ýurduň beýleki sebitlerinde 2026-njy ýylda işe giriziljekdigini aýtdy.

"Altyn Asyr" TM-CELL milli mobil aragatnaşyk kompaniýasy ulanyjylara internet arkaly işleýän, SIM kartalaryň döwrebap nusgasy bolan eSim-leri, ýagny wirtual telefon belgilerini hödürläp başlaýandygyny geçen ýylyň 13-nji noýabrynda mälim etdi.

“Wirtual belgi maliýe serişdelerini tygşytlap, ykdysady taýdan bähbitlidir. Onuň kömegi bilen islendik ýerden jaň edip bolýar. Bu bolsa, has uzak aralyga jaň edilende sarp edilýän puly tygşytlamaga şert döredýär” diýip, aragatnaşyk kompaniýasynyň habarynda bellenilipdi. Ýöne onda bu hyzmatdan diňe Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň peýdalanyp bilýändigi barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenbaşynyň aragatnaşyk işgärleriniň sözlerine görä, sebitde bu hyzmatyň müşderilere hödürlenip başlanmagy üçin tehnikalarynyň köpüsi täzelenmeli.

“Tehnikalaryň, şol sanda enjamlaryň köpüsi daşary ýurtlardan getirilmeli. Tolkun paýlaýjy antennalar hem öňki sistemada işleýär. 4G internet üpjünçiligi kadaly ýola goýulmaly” diýip, ýerli aragatnaşyk işgäri anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada “Altyn Asyr” kompaniýasyndan, şol sanda onuň ýerli edarasyndan resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan "Altyn Asyr” kompaniýasy soňky aýlarda müşderilere birnäçe täze hyzmatlary hödürledi.

Kompaniýa oktýabr aýynda AŞTU-nyň internet hyzmatlar üçin peseldilen bahalary, noýabrda wirtual telefon belgilerini hödürleýändigini we dekabrda täze 71 ulgamlaýyn kody ornaşdyrýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu täzelikleriň ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny’ kanagatlandyrmak üçin işe girizilendigini hem belledi.

Muňa garamazdan, "Altyn Asyryň” telefon aragatnaşygy hyzmatlarynyň, şol sanda Internet üpjünçiliginiň hiliniň ýaramazlaşýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

13-nji fewralda Lebapdan maglumat beren habarçymyz Internetiň tizliginiň haýallap, mobil ulgamyň hiliniň ýaramazlaşandygyny, adamlaryň biri-biri bilen habarlaşyp bilmeýändigini aýtdy.

“Altyn Asyryň” hünärmenleriniň käbiri emele gelen kynçylyklaryň “agralýan ýük”, ýagny ýurduň ýeke-täk operatorynyň ilatyň artýan isleglerini kanagatlandyryp bilmezligi bilen baglydygyny aýdýar.

Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TMCELL Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny iberdi
TMCELL Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen doly üpjün etdi
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
MTS’ bilen türkmen häkimiýetleriniň arasyndaky gepleşikler dowam edýär’
Türkmemnistanyň Aragatnaşyk ministrligi “Altyn Asyr” ÝGPJ bilen bilelikde TMCELL Töleg goşundysyny işe girizildiler