Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (1-nji bölüm)

Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (1-nji bölüm)

Täze türkmen jemgyýetinde adamyň statusyny näme kesgitleýär?Soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen jemgyýetinde nähili sosial synplar emele geldi?Däp-dessurlara ýa-da uniwersal gymmatlyklara esaslanýan ahlak kadalaryna ygrarlylyk, baýlyk, akyl-paýhas, medeniýet we gözýetim ýaly faktorlar adamyň jemgyýetdäki statusyna nähili täsir edýär?

Türkmen jemgyýeti sosial synplar bilen bagly nähili ewolýusiýany başdan geçirdi?Programmamyzyň nobatdaky sany şeýle soraglara jogap gözleýär.

Türkmenistanda bu ugurda jemgyýeti öwrenijileriň, sosiologlaryň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri köpçülige elýeterli däl. Onsuz hem, sosial synp, gatlak, ýa-da sosial klas barada islendik ýurtda öňe sürülýän islendik pikir belli bir derejede subýektiwligi özünde jemleýär. Sebäbi, sosial synpy kim kesgitleýär, nähili kesgitleýär, adam öz statusynyň kesgitlenilmegine nä derejede gatnaşyp bilýär diýen ýaly soraglara dürli medeniýetler başga-başga nukdaýnazardan çemeleşýär.

Meselem, hindi medeniýetinde müňlerçe ýylyň dowamynda däp bolan we heniz hem belli bir derejede dowam edýän “kast sistemasy” jemgyýeti gatlaklara bölýär.Hindileriň arasynda sosial gatlaklar durmuşyň adaty akymyna öwrülip, kimlere görä, jemgyýetde düzgün-tertibi, sazlaşygy we adam gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge ýardam berýär.

Bir gatlakda doglan adam, beýleki gatlaga aňsat geçip bilmeýär.Elbetde, hindileriň arasynda müňlerçe ýyl bäri saklanyp galan kast sistemasynyň kesgitlenilmegine we dowam etdirilmegine adamlaryň dini garaýyşlary hem belli bir derejede täsir ýetiripdir.

Ýewropada orta asyrlarda diňe iki sosial gatlak aristokratlar, ýagny asylzadalar we ýönekeý halk, ýa-da garyp gatlak öňe çykýardy.Orta asyrlaryň synpy jemgyýetlerinde garyp gatlak asylzadalaryň, aristokratlaryň elinde köplenç batrakçylyk bilen meşgullanýardy.

Orta asyrlaryň ahyrlarynda ýewropa jemgyýetlerinde garyp gatlak bilen asylzadalaryň arasynda esasan täjirçilik bilen meşgullanýan adamlardan ybarat “buržuaz gatlak” emele geldi.Häzirki zaman adalgalary bilen düşündirilende “buržuazlara” “orta gatlak” diýilse öte geçildigi bolmaz.

Muňa garamazdan, tä senagatlaşma öwrülişigine çenli ýewropa jemgyýetleri esasan “baýlardan” we “garyplardan” düzülýärdi.

Ýöne XVII-XIX asyrlar aralygynda tutuş Ýewropa yklymynda tutaşan “Renesans” ýa-da “Enlightement” döwri, türkmençe aýdylanda “Galkynyş” ýa-da “Ýagtylyk” döwri intellektual giňişlikde, pikir-pelsepede, ylymda we syýasatda täze-täze pikir-garaýyşlara, täze çemeleşmelere ýol açdy. Ýewropada “Ýagtylma” ynsan mertebesine ähmiýet berýän ýörelgeleri, azatlygy, adalaty we deňligi ileri tutýan pikir-düşünjeleri tutaşdyrdy.

Tutuş sebit akyl-üşük öwrülişigine taýýarlanýardy.Bu öwrülişik soňy bilen senagatlaşma öwrülişigini getirdi.

Günbatar dünýäsindäki synpy jemgyýetler esasan XVIII asyryň soňky on ýyllygynda Fransiýada turan fransuz rewolýusiýasy bilen çym-pytrak boldy. Garyplykdan we adalatsyzlykdan lagar düşen fransuz halky gahar-gazap bilen monarhiýany tagtdan agdardy we Fransiýa Patyşalygynyň binýadynda Fransiýa Respublikasyny esaslandyrdy.

1800-nji ýyllara çenli Ýewropa jemgyýetleri, buržuaziýa garamazdan, esasan baýlardan we garyplardan ybaratdy. Fransuz rewolýusiýasy bilen monarhiýa ýatyryldy, feodalçylyk aradan aýryldy, orta gatlak giňäp, abraý gazanyp başlady, rewolýusion pikirler tutuş Ýewropa sebitine ýaýrap başlady.

Türkmenler orta asyrlarda tirelere we taýpalara bölünip, dagynyk ýaşaýardy. Türkmen taýpalarynyň arasynda merkezleşdirilen syýasy häkimiýet, gazna ýa-da bir merkezden dolandyrylýan harby güýç ýokdy. XIX asyryň soňky çärýeginde türkmenleriň ýaşaýan sebitleriniň Russiýa Patyşalygyna birikdirilmegi, munuň yz ýany, Türkmenistan Sowet Sosialistik republikasynyň esaslandyrylmagy tire-taýpa dagynyklygyny aradan aýyrdy, türkmenleriň administratiw çäkleri kesgitlenildi we türkmenler Sowet ideologiýasy bilen tanyşdy.

Gürrüňsiz, bu proses türkmen jemgyýetini, adam gatnaşyklaryny, adamlaryň häkimiýetler bilen gatnaşygyny, galyberse-de, halkyň durmuş üpjünçiligini, maliýe şertlerini tas turuwbaşdan, tutuşlygyna diýen ýaly agdar-düňder etdi we çaltlandyrylan ewolýusiýa sezewar etdi.

Sowet ideologiýasy, kommunizm, esasan marksist düşünjeler bilen ýugrulypdy. XIX asyrda ýaşap geçen nemes filosofy Karl Marksyň öňe süren pikirleri Günbatarda däp bolan synpy jemgyýetleri, synpy göreşleri içgin sarsdyrdy.

Karl Marks 1848-nji ýylda çap eden “Kommunist manifestosy” bilen kapitalizmi, girdeji we hususy eýeçilige esaslanýan ulgamlary tankytlady.Marksyň pikirine görä, “hususan-da, girdeji we hususy eýeçilige esaslanýan kapitalizm” raýatlaryň arasynda deňsizlige ýol açýardy.

German pelsepeçisi synpsyz, gatlaksyz jemgyýeti arzuw edýärdi; munuň üçin bolsa, jemgyýetde synplaryň aradan aýrylmalydygyny, her kimiň öz zähmetiniň hözirini görüp, ähli önümçilige we emläge döwletiň gözegçilik etmelidigini aýdýardy.Jemgyýetde hiç kim hiç kimden zyýat, hiç kim hiç kimden aşak bolmaly däldi.

Hemmeler deň mümkinçilige eýe bolup, jemgyýetdäki adamlaryň ählisi deň bolmalydy. Şeýle pikirler kommunist hereketiň gönezligi boldy. Şeýlelikde, kommunizm, Karl Marksa görä, baýlar bilen garyplaryň arasyndaky ara tapawudy ýapmalydy.Marksyň hyýalbentlik bilen arzuw eden jemgyýetinde deňlik we adalatlylyk höküm sürmelidi.

Nemes pelsepeçisiniň ynanjyna görä, Günbatarda senagatlaşma öwrülişigi jemgyýeti gatlaklara we synplara böldi. Senagat we önümçilik desgalarynyň eýeleri, ýer eýeleri, ýagny “baýlar”, “orta gatlak” we “işçi gatlak” peýda boldy. Garyplar baýlaryň elinde batrak boldy. Marksa görä, batrakçylyk aradan aýrylmalydy.

Şeýlelikde, Sowet ideologiýasy Karl Marksyň düşünjelerini türkmen jemgyýetine-de getirdi. 20-nji asyryň birinji çärýeginde bolşewikler tarapyndan güýçli depginde durmuşa geçirilen kollektiwizasiýa reformalary netijesinde baýlaryň ýerleri we emläkleri ellerinden alyndy, özleri bolsa köplenç halatda sürgüne ugradyldy.

Ýaňy bir merkezleşdirilen döwlet düşünjesi bilen tanyşan türkmen taýpalarynyň döwrebap dünýäde döwlet hökmünde gözüni açyp, ilkinji tanyş bolan ulgamy “kommunistik pikirler” boldy. Agramly bölegi garyplykdan ejir çeken jemgyýetde “deňlik” düşünjesi her kime-de ýarandyr, ýöne ähli gözegçiligi döwlet häkimiýetiniň elinde jemleýän “kommunistik” ulgam soňy bilen raýatyň durmuşynyň ähli ugurlaryna gatyşyp, “diktatorial” režimleri dogurdy.

Ýöne ýüzlerçe ýyl bäri özüniň däp-dessurlaryna eýerip gelen türkmenler syýasy, ykdysady we sosial taýdan özüne del bolan täze ulgam bilen tanyşsa-da, özüne mahsus däp-dessurlaryny ýatdan çykarmady.

70 ýyl töweregi dowam eden “kommunizm” türkmen jemgyýetinde synplaryň döremeginiň öňüni aldy. Ýöne ozalam türkmenleriň arasynda synpy gatnaşyklar bolan däldir, boldy diýilýän “synpy bölünişikler”, belki-de, sowet intelligensiýasynyň oýlap tapan zadydyr.

Sebäbi, türkmenleriň arasynda hanlar we serdarlar köplenç halatda halk bilen barlyşykly we sazlaşykly ýaşapdyr.Barlykly adamlar talabanlar atlandyrylan gatlagyň wekilleri bilen bir tabakda nahar iýip, bir saçagyň başynda saz-söhbete gümra bolup bilipdir.

1860-njy ýyllarda türkmenleriň territoriýasyna syýahat eden wenger jahankeşdesi Arminiý Wamberi türkmen jemgyýetindäki sazlaşyga ünsi çekýär.

“Türkmenleriň arasynda wagtlaýyn ýaşan döwrümde meni iň köp geň galdyran ýagdaý olaryň arasynda buýruk bermäge höwes bildirýän ýekeje-de adamyň bolmazlygy, ýa-da tabyn bolmaga ýykgyn edýän ýekeje-de adamyň bolmazlygy. Türkmenler özlerine 'biz bibaş halkdyrys, bizde baş bolmaz, biziň ählimiz deň, biziň aramyzda her kim özüne şa' diýýärler” diýip, wenger syýahatçysy XIX asyrda ýazgy galdyrypdyr.

Muňa garamazdan, jahankeşde, türkmenleriň arasyndaky baş-başdaklyga garamazdan, çarwa türkmenleriň arasynda nähilidir bir güýjüň jemgyýeti sazlaşykly saklaýandygyny aýdýar. Wamberi türkmenleriň arasynda höküm ýöredýän şol güýji “däp-dessur” atlandyrýar.

Ýöne Wamberiden soň, dünýe özgerdi, türkmenlerem özgerdi. Wamberi häzir göründen dikelip, türkmenleriň arasyna baryp görse, şek-şübhesiz, türkmeni tanamaz.

Ýöne dagynyklyk ýyllarynda senagatlaşmadan we önümçiligi, umuman durmuş-ykdysady we söwda-syýasy gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda ýola goýmakdan mahrum bolan türkmen jemgyýeti garyplykdan ejir çekipdir.Muňa nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň yzda galdyran edebi eserleri belli bir derejede şaýatlyk edýär.

Bu ýagdaý geçmişde türkmenleriň arasynda synpy gatnaşyklaryň oýlanyp tapylan bolmak ähtimallygy baradaky pikirler bilen ylalaşmaýar.Nusgawy şahyrlaryň yzda galdyran eserleri taryhyň belli-belli döwürlerinde türkmen jemgyýetinde belli bir derejede ýüze çykan sosial gatlaklar barada pikir berýär.

Meselem, Mämmetweli Kemine özüniň “Garyplyk” atly goşgusynda döwrüň ykdysady şertlerini suratlandyrýar: “Iýmesem, içmesem, mydarym ötmez / Bürenip ýatmaga kararym ýetmez / Günde müň kowlasam, baýlara gitmez / Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk”

Ýa-da, 18-nji asyryň nusgawy şahyry Magrupy garyplygyň täsirini şeýle düşündirýär: “Ne hünäri bar ýigidiň/Garyplykda bilip bolmaz/Garyplyk bir şum owkatdyr/Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz” diýip, Magrupy aýdypdyr.

Zeliliniň eserleri türkmen jemgyýetiniň gatlaklara bölünişini we sosial gatlaklaryň arasyndaky sazlaşyksyzlygy belli bir derejede açyp görkezýär: “Ajy derdi jana salar / Ondan soňra melul bolar / Işan, sopy hem mollalar / Barysy betkäre döndi/ Garyplar galmady sanda / Mürewwet ýok begu-handa / Eý ýaranlar, şu zamanda / Diwan işi para döndi” diýip, Zelili zeýrenipdir.

Ýa-da nusgawy şahyr öz döwürdeşi Seýitnazar Seýdä ýazan açyk hatynda şeýle diýýär: Kimi garyp goňşy, kimisi daýhan / Kimi goýun çopan, kimisi sarwan / Gözel iliň şeýle bolanna dözmän / Men aglaryn, sen hem agla, Seýidi!

Zeliliniň goşgulary döwrüň depesinde “şänik çakan” garyplykdan habar berýär: Bu garyplyk üstümizden gitmedi / Köňül maksat-myradyna ýetmedi / Gaýgy-gamsyz meniň wagtym ötmedi / Gezmedim hiç köňül hoşuň içinde diýip, Zelili zeýrenýär.

Görnükli türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň “Döke başlady” atly goşgusy tas tutuşlygyna diýen ýaly döwrüň sosial gatlaklarynyň arasyndaky sazlaşyksyzlykdan habar berýär.

Kommunizmiň basma-galyplygynda ezilen türkmen jemgyýeti garaşsyzlykdan soň, täze ewolýusiýany başdan geçirdi.

Islendik jemgyýetde sosial gatlaklary kesgitleýän käbir faktorlar bar. Bu faktorlar köplenç adamyň ykdysady, medeni we durmuş kapilaty’ bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysady kapital: Meselem, pully, baý adamlar köplenç jemgyýetiň ýokary gatlaklarynda orun tapýar. Pul häzirki zamanyň dünýäsinde köp jemgyýetde adamyň statusyny kesgitleýär.

Medeni kapital: Adamyň medeni meýilleri, gözýetimi, onuň medeni baýlyklary hem adamyň jemgyýetdäki statusynyň kesgitlenmeginde rol oýnaýar.

Sosial kapital: Adamlaryň tanyş-bilişleri, baý ýa-da meşhur adamlar bilen gatnaşyk, dostluk, ýa-da möhüm wezipeleri eýeleýän adamlar bilen gatnaşyk saklamagy häzirki zaman jemgyýetlerde adamyň statusyna goşant goşýar.

Adamyň jemgyýetdäki statusy köplenç onuň ykdysady, medeni we sosial kapitaly bilen ýakyndan baglanyşykly bolup durýar. Ilçilik tebigy ýagdaýda adamlary dürli-dürli gatlaklara bölüpdir.

Sosial synplar günbatar jemgyýetlerinde, meselem, britan jemgyýetinde, ýa-da amerikan jemgyýetinde hem bar, häli-şindi dowam edýär, ýöne orta asyrlaryň “aristokratlar we batraklar” synpy bölünişigi ýaly däl-de, täze görnüşde dowam edýär.

Adamlaryň kesp-käri, hünär derejeleri, iş mümkinçilikleri, gazanjy, gözýetimi we beýleki ýagdaýlar bölünişiklere goşant goşupdyr.

Sözümiziň başynda aýdyşymyz ýaly, täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplaryň’ bölünişigini we gerimini açyp görkezýän sosiologiýa barlaglary köpçülige elýeterli däl.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar türkmen jemgyýetinde hususan-da maliýe çeşmeleriniň elýeterliligi bilen baglylykda belli bir derejede synpy gurluşlaryň emele gelendigini aýdýarlar.

“Türkmen jemgyýetinde adamlaryň abraýy pul bilen kesgitlenýär. Oba ýerlerinde, şäher ýerlerinde, dogan-garyndaşlaryň arasynda, umuman aýdylanda, hemme ýerde adamyň statusy pul bilen kesgitlenýär” diýip, bir ýerli synçy aýdýar.

Ol häzirki türkmen jemgyýetini birnäçe gatlaklara bölýär.

Birinjilik bilen, hökümetde işleýän adamlar, ýokary wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary, ministrler we olaryň maşgala agzalary bir kategoriýada orun tapýar. Ikinjilik bilen, iri söwda bilen meşgullanýan adamlar, tüçjar baýlar we iri telekeçiler ikinji kategoriýada orun tapýar. Mugallymlar, lukmanlar, häkimlik resmileri, medeniýet we sport pudagynyň işgärleri “orta gatlakda” ýerleşýär. “Daýhanlar we işsizler garyp gatlaga degişli” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Türkmenistanda ilatyň iş üpjünçiliginiň ýagdaýyny we işsizligiň derejesini açyp görkezýän statistiki sanlar elýeterli däl.

Geçmişde tire-taýpa gatnaşyklaryna ähmiýet beren türkmen jemgyýetinde, ýerli synçynyň sözlerine görä, soňky döwürlerde adamyň tire-taýpa kimligi onuň jemgyýetdäki statusynyň kesgitlenilmeginde rol oýnamaýar.

Synçynyň sözlerine görä, köp halatda adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar olaryň sosial gatlaklaryna laýyklykda ýola goýulýar.

“Hatda mekdeplerde okuwçylar hem statusa görä dost ýa-da jora tutunýarlar” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Barlykly adamlaryň çagalary has amatly mümkinçiliklerden peýdalanýar.Her welaýatda ýöriteleşdirilen mekdepler bar.Olarda köplenç pully adamlaryň çagalary okaýar. Ýokary gatlagyň wekilleriniň çagalary ýurduň iň gowy ýokary okuw jaýlarynda okaýarlar. Ýokary gatlagyň käbir wekilleri öz çagalaryny daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlarynda okadyp, şol ýerlerde olaryň biznes açmagyna hem goldaw berýär. Ýa-da ministrleriň çagalary wagtyň geçmegi bilen ýokary wezipelere getirilýär.

Bu aralykda, eli ýuka maşgalalaryň çagalary ýeter-ýetmezçiligiň arasynda, kyn şertlerde önüp ösýär.

Türkmenistanda maliýe çeşmelerine elýeterlilik köplenç häkimiýetler bilen sazlaşykly gatnaşygy, häkimiýete ýakyn bolmagy talap edýär.Häkimiýete ýakyn adamlar döwletiň mümkinçiliklerinden peýdalanýar, baýlyk toplaýar.Eli ýuka maşgalalaryň çagalary barlykly hojalyklaryň çagalary bilen deň mümkinçiliklere eýe bolup bilmeýär. Şeýlelikde, türkmenleriň arasynda ýörgünli bolan “baýam baýa berer, garybam (başga bir wersiýa görä, Hudaýam) baýa berer ” diýlen söz iş ýüzünde dowam edýär. Şeýle 'azgyn aýlaw', ýa-da pelegiň önelgesiz’ çarhy türkmen jemgyýetinde dowam edýär...

“Jemgyýetde baý, orta we garyp gatlaklar’ bar” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýdylsa, bu makala türkmen jemgyýetindäki bölünişigi açyp görkezmäge däl-de, şeýle bölünişigiň arasynda bar bolan sazlaşyga syn etmäge, ony öwrenmäge çalyşýar.

Dünýä Türkmenleri täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial gatlaklar baradaky temany Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň taýýarlan maglumatlarynyň esasynda gepleşigimiziň öňümizdäki sanlarynda hem dowam etdirer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gündogar halklaryň Bakuw gurultaýy
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň orta hünär okuw mekdepleriniň tejribesini öwrendi
Türkmenistanyň Prezidenti Wozroždeniýe taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi
Maksatly nyşan okuw merkezi çagalary Täze ýyl baýramçylygyna çagyrýar
Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy