Täze teatr möwsüminde tomaşaçylaryň göwnünden turan we täze oýunlar görkeziler, gastrollar göz öňünde tutulýar

31-nji awgustda paýtagtyň teatrlarynyň arasynda ilkinji bolup, Baş drama teatry möwsümi açar, teatryň sahnasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy kitaby we Nurmyrat Saryhanowyň Şükür bagşy powesti esasynda goýlan Dutaryň owazy oýny görkeziler.

Dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow bilen režisýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow eseri özboluşly sahna diline geçiripdirler.Güýçli täsirli edebi esasy, artistleriň ussatlygy, esere muwapyk sahna we özboluşly saz bezegi hem-de çeper režisýorçylyk tilsimleri netijesinde iş epiki häsiýetli çykypdyr, tomaşaçylar öz halan oýnuny ýene bir gezek görmäge höwesek bolsalar gerek. 1-nji sentýabrda Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň eseri boýunça Syrly synag oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar. ...Döredijilik ýokary okuw mekdebinde okaýan ýigit bilen gyz bir-birine aşyk bolýar. Ýöne olaryň ata-enesi ýaşlar maşgala gurmaga taýynmyka? -diýip alada edýärler.

Munuň üçin olar ýaşlary synagdan geçirýärler.Oýunda gülküli we liriki pursatlar ýetik.Oýny goýan režisýor Eziz Işangulyýew teatryň toparynyň döredijilik ýörelgelerine täzeçillikleri goşmak üçin ýörüte Baş drama teatryndan çagyrylypdyr. Şol gün A.

S.Puşkin adyndaky ýurdumyzyň baýry Döwlet rus drama teatry 93-nji teatr möwsümini Çehowyň Çarlak oýny bilen açar.Dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserini sahnalaşdyrmaga ýürek eden teatryň döredijilik toparyna üstünlik arzuw edýäris.

Teatrda şu ýylky möwsümde ululara niýetlenen Uilýam Şekspiriň Gamlet tragediýasyny we Eduard Kukuýyň eseri boýunça Atsyz ýyldyz oýnuny, çagalar üçin bolsa Altyn jüýjejik eserini sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.Noýabr aýynda A.S.

Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň Russiýanyň Smolensk we Pskow, şeýle hem Belarusyň Nowyýe Luki şäherlerine gastrollary göz öňünde tutulypdyr.Dostlukly ýurtlaryň teatr muşdaklaryna Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow bilen Serdar Nepesowyň pýesasy boýunça goýlan Biz hökman duşuşarys zehinli oýny, ýaşajyk tomaşaçylara bolsa, Böwenjik halk ertekisiniň esasynda goýlan şadyýan oýun görkeziler. 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatry täze möwsümi özbek dramaturgy Nurullo Abboshonuň pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan Kiçi gelin oýny bilen açar.

Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan bu sahna eserini, sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýewiň benefisi diýse-de bojak, çünki ol diňe bir oýny goýyjy režisýor bolman, eýsem keşpleriň birini döretdi, oýnuň saz bezegini hem ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatrynda täze möwsüm Ýartygulak atly türkmen halk ertekisi bilen başlanar. ...Bir gezek goja Alty aga çöl-beýewana çykyp, Hudaýdan ogul diläpdir.Birdenem düýäniň iki gulagynyň arasynda oturan kinniwanja oglanjyga gözi düşýär.

Alty aga ony öýüne getirip, aýalyny begendirýär.Oňa Ýartygulak diýp at dakýarlar.Oglanjyk: Men ajygdym, süýt içjek, sygyr nirede? - diýip soraýar.Goja gazanan pulunyň baryny kakasynyň bergisi üçin baýa berýändigini aýdýar. Ýartygulak kiçijigem bolsa, ýeserje eken, ol jyn bolan bolup, baýy gorkuzyp, oňa gowja sapak berýär, ata-enesiniň sygryny, baýyň öz ogluna aljak bolup oturan goňşunyň owadan gyzyny yzyna gaýtaryp alýar...

Pýesanyň awtory Hemra Şirow, oýny goýan režisýor Ylýas Durdyýew, sahna bezegini ýerine ýetiren Batyr Bekmyradow.Oýunda gurjaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar.Türkmen sahna sungatynyň zehinli we özboluşly eserleri tomaşaçylaryň göwnünden turar diýip umyt bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Halkara forumlara gatnaşýan myhmanlar Aşgabatdaky teatrlara baryp gördüler
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmen keramikaçylarynyň işleriniň sergisi
15.12.2019 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Ýewgeniý Mihelsonyň döredijilik dünýäsi: türkmen multipikasiýasynyň ägirdiniň ýubileýine