Täze smartfonyny tanyşdyrýar

“Samsung” geçen aý “Dimensity 720” çipi bilen “Galaxy A32 5G” smartfonynyň taslamasyny hödürläpdi.Indi bolsa bu smartfonyň 4G görnüşi çykaryldy. “Galaxy A32 4G”-iň “Galaxy A32 5G”-den o diýen tapawudy ýok. Ýöne bu model öňki nusgadan tapawutlylykda IPS ýerine AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr.

Onda 6,4 dýuým diagonally we FHD + durulygynda (5G wersiýasynda 6.5 “HD +) ekran bar.Mundan başga-da, panelde barmak yzy okaýjy we skaner (tizligi 90 Hz) bar. Şeýle ýokary derejeli ilkinji A seriýaly smartfonyň ýokarsynda 20 MP durulygynda surata alýan selfi kamerasy bar.

Yz tarapynda dört kamera sensory bolsa, 64 MP, 8 MP, 5 MP, we 2 MP durulygynda surata düşürmäge ýardam edýär. “Galaxy A32 4G” sekiz ýadroly “MediaTek Helio” çipi bilen işleýär. 4/6/8 GB RAM-ly telefonyň 64 ýa-da 128 GB içki ýatly esasy iki görnüşi bar.

Täze telefonyň bahasynyň 268 dollardygy mälim edildi.

The post Täze smartfonyny tanyşdyrýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy
Samsung kompaniýasy Galaxy Quantum 3 smartfonyny çykarýar
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy
Täze enjamlaryny tanyşdyrdy