Täze romany çap edildi

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Patrik Modianonyň täze romany çap edildi.Fransuz dilinde çap edilen bu roman “Simpatik syýa” (“Encre sympathique”) atlandyrylyp, 3-nji oktýabrda kitap dükanlaryna ýaýrady.Nobel baýragynyň eýesiniň bu ýyl “Biziň durmuşdaky ilkinji ädimlerimiz” (“Nos debuts dans la vie“) atly pýesasy hem çap edildi.

Onuň öňki “Ukydaky ýatlamalar” (“Souvenirs dormants”) romany 2017-nji ýylyň oktýabrynda çapdan çykypdy.Patrik Modiano otuzdan gowrak romanlaryň we powestleriň awtorydyr.Onuň eserleri birnäçe halkara baýraklary, şol sanda, “Garaňky köçäniň dükanlary” romany üçin 1978-nji ýylda Gonkur baýragy, “Bulwar halkasy” romany üçin 1972-nji ýylda Fransuz Akademiýasynyň “Gran-Pri” baýragy we umumy döredijiligi üçin bolsa 1984-nji ýylda Knýaz Monaksk baýragy bilen sylaglandy.

Patrik Modiano “Sungatyň güýji arkaly akyl ýetirip bolmaýan adam ykballaryna we durmuşa çuňňur aralaşandygy üçin” 1984-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

2-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Nigeriýanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Hindistanda tematik parkda bolan ýangynda ençeme adam ýogaldy
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy