Täze rekord goýdy

“Apple” kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy netijesinde bazar nyrhy 3,5 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde bu sepgide ýeten ilkinji kompaniýa boldy.Tehnologiýa ägirdiniň her bir paýnamasynyň bahasy 228,68 dollara, umumy bazar gymmaty 3,507 trillion dollara ýetdi.

Kompaniýa geçen aýyň başynda “Apple Intelligence” atly emeli aň tehnologiýasyny tanyşdyrdy. “Apple” bu ugurda “OpenAI” bilen hyzmatdaşlyk edip, mundan soň çykaryljak “iPhone”, “iPad” we “Mac” enjamlarynyň amaly ulgamyna “ChatGPT” programmasyny ýerleşdirmegi maksat edinýär.

“Apple” bilen “Microsoft” ýylyň başyndan bäri gezekli-gezegine dünýäniň iň gymmatly kompaniýalary bolýarlar.

“Apple” ilkinji gezek 2018-nji ýylyň awgustynda 1 trillion dollar sepgidinden geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Türkmenistanda saglyk işgärleriniň güni bellenýär, lukmanlar özleriniň ünsden düşürilýändigini’ aýdýar
Elektroulaglar üçin 1,2 trillion dollar sarp ediler
Arassa energiýa 11 göterim ýokarlanar
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Startapa maýa goýdular