Porsche Cayenne Coupe-iň heniz hödürlenmedik täze modifikasiýasy krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň “Demirgazyk aýlawynyň” rekordyny goýdy. Bu barada nemes awtoöndürijisiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, www.autonews.ru belleýär.
Porsche-niň synag-sürüjisi Lars Kernanyň dolandyrmagy bilen awtomobil 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 38,925 sekuntda geçdi.Krossower 2019-njy ýylyň güýzünde Nýurburgring aýlawyny 7 minut 42,253 sekuntda geçen Audi RS Q8-iň rekordyny täzeledi.
Rekord goýan Porsche Cayenne Coupe köpçülikleýin önümçilige goýberiljek görnüşinden diňe howpsuzlyk karkasy we ýaryş üçin sürüji kowş-oturgyjy bilen tapawutlandy.Daşlyk hökmünde bu model üçin ýörite döredilen aýratyn Pirelli P Zero Corsa rezini ulanyldy.
Ol krossoweriň standart üpjünçiligine girer.Deslapky maglumatlar boýunça, Porsche Cayenne Coupe-iň täze wersiýasy 640 at güýjüni berýän iki turbinaly 4,0 litrlik V8 benzin motory bilen üpjün edildi.
Bu modeliň häzirki gibrid modifikasiýasy Turbo S E Hybrid-den azdyr, onuň gurluşy 680 at güýjüni berýär.Täze Porsche Cayenne Coupe krossoweriniň premýerasynyň ýakyn wagtda bolmagyna garaşylýar.Nordşlýaýfe ýa-da Nýurburgringiň “Demirgazyk aýlawy” her dynç güni dünýäniň ähli ýurdundan abraýly ýaryşçylary özüne çekýän dünýäniň iň meşhur ýaryş ýollarynyň biridir. Ýoluň uzynlygy 20,8 km ýetýär, onuň iki kilometrlik göni bölegi Döttinger Höhe sportkarlara sagatda 300 kilometre çenli bat almaga mümkinçilik berýär.