Täze paýtagtyň howa menzili gurlar

Indoneziýa köp ýyldan bäri paýtagtyny başga şähere göçürmegiň aladasyny edýär. Ýurduň täze dolandyryş merkezi boljak Nusantara şäherinde howa menziliniň düýbi tutuldy.Howa menziliniň geljek ýylyň dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Täze şäheri döretmek üçin 32 milliard dollarlyk maýa goýumyň gerekdigi bellenilýär.Täze howa menzili 347 gektar meýdany eýelär. Şeýle hem täze şäherde umumy bahasy 784 million dollar bolan 10 sany beýleki taslamalaryň hem gurluşygyna badalga berler.

Dünýäniň iň köp ilatly dördünji ýurdy bolan Indoneziýanyň häzirki paýtagty Jakarta Ýawa adasynda ýerleşip, 11 milliona golaý ilaty bar.Nusantara şäheri Borneo adasynda ýerleşýär.Paýtagty göçürmek bilen bagly işlere 2019-njy ýylda girişilipdi.

Emma pandemiýa sebäpli käbir taslamalar yza süýşürilipdi.

Ýurtda Jakartanyň ilatynyň yzygiderli artmagy we infrastrukturanyň ýetmezçilik etmegi sebäpli täze şäher gurmak kararyna gelnipdi.

Aýnabat ATAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Bali täze howa menzilini gurmakçy
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi