Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar

Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar

2024/2025-nji ýyl Täze okuw ýylynyň bosagasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde mugallymlar synp otaglaryny ýeňil abatlamaga niýetläp, ene-atalardan pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitiň birnäçe mekdebinde ene-atalar bilen geçirilen ýygnaklara salgylanyp habar berýär.

“Synp otaglaryndaky oturgyçlary, partalary we zerur bolan beýleki okuw esbaplaryny satyn almak üçin, mekdebimiz ene-atalaryň ýardamlaryna mätäç” diýip, maryly bir ata mekdep mugallymynyň okuwçylaryň ene-atalaryna aýdan sözlerini sitirleýär.

“Täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy, şol sebäpden biziň düzedip ýetişmedik kemçiliklerimizi aradan aýyrmak üçin, siziň pul ýardamlaryňyz gerek” diýip, mugallym ene-atalara ýüzlenýär.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, adatça, okuw ýylynyň ahyrynda abatlaýyş işleri geçirilýär we, munuň bilen baglylykda, köplenç ene-atalardan, okuwçylardan pul toplanýar.

Ýöne maryly ene-atalaryň birnäçesi bu sebitdäki käbir orta mekdeplerde okuw ýylynyň başynda hem ýeňil abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyny aýdýarlar.

Özlerinden pul soralan ene-atalar geçen ýyllarda hem synp otaglaryndaky perdeleri, kondisionerleri we suw içilýän enjamlary, şeýle-de gülleri we beýleki bezegleri satyn almak üçin özlerinden dürli möçberlerde pullaryň ýygnalyp alnandygyny aýdýarlar.

“Häzir indi biziň çagalarymyzyň okaýan synp otagyny üýtgedip, olary başga synpa geçirmekçi bolýarlar. Geçen ýyl satyn alan zatlarymyzy gaýtadan satyn almagy soraýarlar” diýip, birnäçe ene-ata aýdýar.

Mugallymlar geçen ýyl satyn alnan kondisionerleriň öňki synp otaglaryndan hem aýrylandygyny aýdýarlar we olaryň nirededigini özleriniň hem bilmeýändigini aýdýarlar.

Ene-atalar haýran galyp, tomusky dynç alyşda kondisionerleriň oturdylan ýerlerinden goparylyp aýrylmagynyň sebäpleri bilen gyzyklanýarlar.

“Mekdepde kimdir biri bu zatlara jogapkärçilik çekýändir-ä diýip, ene-atalar mugallymlardan açyklyk talap edýär. Mugallymlar bolsa, aý biz-ä bilmedik’ diýip jogap berýärler” diýip, ýygnaklara gatnaşan ene-atalar aýdýar.

Okuw ýylynyň öňüsyrasynda ene-atalardan toplanýan puluň möçberi takyk kesgitlenmändir. Mugallymlar her kimiň göwünden çykaran pul serişdesini öz razyçylygy bilen bermegini haýyş edýärler.

“Biziň bäş-alty aý ozal pul çykaryp, satyn alan zatlarymyzy çagalarymyzyň täze klasyna geçirip bersinler” diýip, ene-atalar aýdýar.

“Siz her ýyl ene-atalardan pul ýygnap, täze zatlary satyn aldyrýarsyňyz” diýip, olar aýdýar.

Ene-atalar tomusky dynç alyş möwsüminde synp otaglaryndan ýitirim bolan kondisionerleriň satylandygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar

Şol bir wagtda, ene-atalar synp otaglaryna zerur bolan zatlaryň, şol sanda synplardaky okuw esbaplarynyň döwlet tarapyndan üpjün edilmelidigini aýdýarlar.

“Döwlet diňe gurup berýär, içini özümiz oňarmaly” diýip, mugallym aýdýar.

Käbir ata-eneler öz çagalarynyň amatly synp otaglarynda oňat bilim almaklaryny üpjün etmek maksady bilen öz aralarynda pul ýygnamakdan we mekdep goşlaryny satyn almakdan çekinmeýändiklerini aýdýarlar. Ýöne satyn alan enjamlarynyň mekdeplerden ýitirim bolmagy olary ynjalykdan gaçyrýar.

Käbir ene-atalara bu mesele boýunça özleriniň hatda prokuratura edaralaryna-da ýüz tutup biljekdiklerini aýdýarlar.

“Şeýle diýsek, mugallymlar, gaýtam, bizi utandyryp, olar ýaly bolsa siz ýaly hojalyklardan pul almarys” diýýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy günorta-gündogar sebitde täze okuw ýylynyň bosagasyndan ene-atalardan pul serişdeleriniň toplanylmagy barada welaýat bilim müdirliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy
Lebabyň mekdeplerinde synag soraglarynyň jogaplary satylyp başlandy
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Çärjewiň mekdeplerinde kelle biti köpelýär
Mekdep gyzlary mata almaga mejbur edýär, bezegçiler 'mugt hyzmat' çäresini geçirýär
Sahna belentligi