Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy

Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy

Türkmenistanda täze okuw ýyly mekdep resmileriniň okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy. Mary welaýatynda 1-nji sentýabr Bilimler güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri ene-atalaryň hasabyna guramalaşdyryldy.

Lebap welaýatynda mekdepleriň hökümet tarapyndan üpjün edilmeli kanselýariýa harytlary okuwçylaryň ene-atalaryndan ýygnalýan puluň hasabyna satyn alynýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji sentýabrda Marydan we Lebapdan maglumat berdiler.

“Mekdeplerdäki bezegleri, Bilim ministrliginden, welaýat Baş bilim bölüminden gelen barlagçylaryň öňlerinde goýlan hödürleri, näz-nygmatlary ene-atalardan çöplenen puluň hasabyna satyn alyndy. Munuň üçin şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalaryndan 50-100 manat aralygynda pul ýygnaldy” diýip, çagasy Mary şäherindäki mekdepleriň birinde okaýan ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Awgustyň ahyrynda mekdep resmileri şu ýyl çagasy mekdebi tamamlajak ene-atalar bilen ýygnak geçirip, 1-nji sentýabr Bilimler güni mynasybetli geçiriljek çärä pul ýygnaljakdygyny mälim etdiler.

“Ene-atalaryň käbiri öz nägileligini bildirdi.Mugallymlar olara munuň çagalaryň mekdebi kanagatlanarly gutarmagy üçin zerurdygyny, gelýän barlagçylary gowy garşylap, çäre geçirmek üçin özlerine tabşyryk berlendigini aýtdylar.Olar özlerinden bu çäräni wideo düşürip, ministrlige ugratmagyň talap edilýändigini hem belläp, biz hem bu çykdajylaryň belli bir bölegini ene-atalardan haýyş etmeli bolýarys diýdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan eneleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Täze okuw ýylynyň başynda meýletin-mejbury pul goşandyna lebaply ene-atalar hem sezewar boldular. Şu günler Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň tas ählisinde mugallymlar okuwçylaryň ene-atalaryndan 50 manat çemesi pul ýygnaýarlar.

“Mugallymlar bu pula synp üçin täze ofis esbaplarynyň, şol sanda synp žurnalynyň we markerleriň satyn alynjakdygyny aýdýarlar” diýip, türkmenabatly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Ene-atalaryň ençemesi mekdepleriň we synplaryň bu kanselýariýa harytlarynyň hökümet tarapyndan üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bilim işgärleriniň nobatdaky pul ýygnamak çäresine nägilelik bildirýär.

“Ähli mekdeplerde bu eýýäm ençeme ýyl bäri däbe öwrüldi. Synp žurnallaryny we beýleki harytlary satyn almak üçin talap edilýän pul serişdesi köp maşgalanyň, hususan-da üç-dört çagaly hojalyklaryň býujetine ep-esli agram salýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Lebap welaýat Baş bilim müdirligindäki ygtybarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, mekdepler Bilim ministrligi tarapyndan synp žurnallary we beýleki esasy zerurlyklar bilen üpjün edilmeli.

“Ministrlik synp žurnallary üçin welaýat Baş bilim müdirlikleriniň hasabyna ýörite pul ýatyrmaly. Emma munuň amala aşyrylýandygy ýa-da aşyrylmaýandygy baradaky maglumat maňa belli däl” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň Baş bilim müdirliginden we Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda tutuş ýylyň dowamynda okuwçylardan, ene-atalardan, talyplardan, býujet işgärlerinden, şol sanda mugallymlardan yzygiderli görnüşde pul ýygnalýar. Bu pullar dürli maksatlar üçin bolup, olary bermekden ýüz öwren okuwçylar ýaramaz bahalar, býujet işgärleri işden çykarylmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýan bu tejribe barada asla mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep mugallymlary ene-atalardan pul toplaýar
Lebabyň mekdeplerinde synag soraglarynyň jogaplary satylyp başlandy
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Çärjewiň mekdeplerinde kelle biti köpelýär
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi