Täze nesliň Toyota Land Cruiser Prado SUV awtoulagy 2022-nji ýylda çykar

Täze nesliň Toyota Land Cruiser Prado SUV awtoulagy 2022-nji ýylda çykar

Toyota Land Cruiser flagman awtoulagy eýýäm bir nesil kämilleşmäge ýetişdi, netijede ýakyn wagtda Land Cruiser Pradonyň hem nesil çalyşmagyna garaşylýar. Ýaponiýanyň Creative Trend neşiriniň insaýderleriniň habaryna görä, täze Prado 2022-nji ýylyň tomsunda çykar. Bu barada car.ru habar berýär.

Land Cruiser Prado 250 baradaky maglumatlar heniz doly resmi däl, şonuň üçinem olara 100 göterim ynanardan heniz ir. Şeýle-de bolsa, CarsWeek.ru sahypasynyň ýazmagyna görä, žurnalistler ulagyň daşky gurluşyny we tanymal dizaýnyny saklajakdygyna ynanýarlar.

Täze Prado-nyň Land Cruiser 300-däki TNGA-F (GA-F) modul platformasynyň kiçeldilen görnüşine esaslanmagyna garaşylýar. Täze arhitektura awtoulagy öňküsinden has ýeňil we rahat eder diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Ýylgyryşlaryň ýurduna syýahat
''Toyota" täze "Camry 2025" ulagyny tanyşdyrdy
Täze Toyota Land Cruiser Prado-nyň çykaryljak senesi belli boldy
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi