Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar

Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar

Lexus täze nesil "LX SUV" awtoulagynyň premýerasynyň geçiriljek senesini mälim etdi. Ýapon markasynyň resmi YouTube kanalynda ýerleşdirilen tizer wideosyndan görnüşi ýaly, awtoulag 2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda BAE-de we Saud Arabystanynda geçiriljek ýörite çärelerde görkeziler. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Lexus nobatdaky täzelik barada heniz jikme-jik maglumat bermedi, ýöne tizer wideosynyň deslapky synyna görä, ulag dizaýn babatda çynlakaý ösýär. Täze nesil “Lexus LX” awtoulagy “Toyota Land Cruiser”-iň has doly we has gymmat analogy hökmündäki statusyny saklap galar.

Nobatdaky "LX"-leriň hereketlendirijiniň hataryna dört güýç agregaty girer. Olaryň biri öňden tanyş bolan 5,7 litrlik V8 benzinli hereketlendiriji, ikinjisi 3,3 litrlik V6 turbodizel hereketlendirijisi, üçünjisi 500h indeksini aljak gibrid hereketlendiriji bolar. Bu "maşgalanyň" iň gowusy 422 at güýji bolan 3,5 litrlik “turboaltylyk” hereketlendirijisine eýe boljak LX600 modifikasiýasy bolar diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Gibrid ulaglaryň sany artýar
Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy
Satuwy ýokarlandy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar