Täze nebit-gaz ýatagy

/* custom css */ .td_uid_19_60de597c471dd_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60de597c471dd_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Hytaýyň iň uly nebit we gaz öndürijisi bolan PetroChina korporasiýasynyň Tarim şahamçasynyň wekilleri 1 milliard tonna gory bolan täze nebit-gaz ýatagynyň tapylandygyny habar berdi.

Kompaniýanyň wekilleri täze ýatagyň soňky 10 ýylda açylan Tarim basseýnindäki iň uly nebit ýatagydygyny bellediler.Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Tarim düzlüginde ýerleşýän bu ýatak Hytaýdaky iň uly nebit we gaz känidir, şeýle-de ýerüsti gurşawy we kyn ýerasty şertleri sebäpli gözleg işlerini geçirmekde iň kyn ýerleriň biridir.

Kompaniýanyň baş direktory Hang Sýuewenýanyň aýtmagyna görä, soňky alty ýylda täze ýüze çykarylan ätiýaçlyklaryň jemlenen ýatagynda ýyllyk çig nebit önümçiligi 2020-nji ýylda 30 müň tonnadan 1,52 million tonna ýetdi. Şu ýyl onuň 2 million tonna ýetmegine garaşylýar.

Maglumatlara görä, Hytaý 1993-nji ýyldan bäri dünýäde iň köp nebit we gaz import edýän ýurtlaryň biri bolup, häzirki wagtda nebite bolan zerurlygynyň 60 göterimini daşarky bazardan üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy
Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Ýyl soňy -Merkezi Aziýa: Ýewraziýanyň çatrygyndaky sebit ähli tarapa çekilýär
Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär
Ärdogan bilen Şi Jin pingiň arasynda telefon söhbetdeşligi