Täze möwsüme badalga berildi

Dünýä Ralli çempionatynyň (WRC) täze möwsümine düýn badalga berildi.Monakonyň paýtagty Monte Karloda başlan çempionat 16 bäsleşikden soň, 17-nji noýabrda Awstraliýada tamamlanar.Sürüjiler şu ýylyň dowamynda 1366,43 kilometr ýol geçerler. 1973-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşda soňky 15 ýyldan bäri ýeňijiniň ady üýtgänok.

Başgaça aýdylanda, 2004-nji ýyldan bäri Dünýä Ralli çempionatynda 2 atdaş fransuz sürüji Sebastian Lýob bilen Sebastian Ožie ýeňiş gazanyp gelýär. Çempionata täzeden dolanan Lýobuň 9, Ožieniň 6 çempionlygy bar.

Lýob täze möwsümde “Hyundai Shell Mobis WRT”, Ožie bolsa “Citroen Total WRT” toparyna wekilçilik eder.Bu ýylky ýaryşa 7 topardan 17 sürüji gatnaşýar.Möwsümiň ilkinji ýaryşy ertir tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Çempionyň ýeňşi
Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Hamilton we Tanak arany açýar
Noýwill arany açýar
Toyotada “Hyundai” çempionlyk gazandy
Birinji orna çykaran ýeňiş