Täze mazmuna eýe bolýan türkmen-hindi gatnaşyklary

Täze mazmuna eýe bolýan türkmen-hindi gatnaşyklary

Düýn 20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar