Täze Maýkl Felps peýda bolýar fransiýaly ýüzüji 4-nji altynyny-da Olimpiýa rekordy bilen gazandy

Täze Maýkl Felps hasaplanýan fransiýaly 22 ýaşyndaky ýüzüji Leon Marşanyň Pariž 2024-iň ýyldyz bolmak ugrunda ýeňişli ýörişi dowam edýär.Ol 4-nji altyn medalyny-da boýnuna dakdy.

Marşan 200 metr garyşyk ýüzmekde 1 minut 54,6 sekuntda pellehana gelip, altyn medala mynasyp boldy.Ol bu ugurda Maýkl Felpsiň Pekinde goýan rekordyny-da (01:54,23) täzelemegi başardy. Şol bir wagtyň özünde ol Ýewropanyň rekordy hem täzeledi.

Bu onuň Pariždäki 4-nji altyn medaly bolup, ol şol 4 altyn medaly Olimpiýa rekordyny goýup gazanmagyň hötdesinden geldi.Marşan 200 metr brass, 200 metr kebelekleýin hem-de 400 metr garyşyk ýaryşlarynda altyn medalynyň üstüni Olimpiýa rekordlary bilen ýetiripdi.

Ýene degişli makalalar

16 ýyllyk rekordy täzeledi
2 sagatda 2 gezek Olimpiýa rekordyny täzeledi
Zähmet soňy rehnet
Ýylyň adamy saýlandy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi