Hytaýly alymlar amerikan kärdeşleri bilen bilelikde bişirilen wagty görnüşini üýtgedýän, turba, spiral hem-de beýleki çylşyrymly şekillere öwrülýän tekiz görnüşli makaron öndürdiler.Munuň üçin makaron önümlerinde ýörite kiçijik keşjagaz ýasadylar we ol hem makaronlaryň dürli şekile gelmegine mümkinçilik berýär.
Täze görnüşli makaronyň bu aýratynlygy ony berk gaplamaga mümkinçilik berýär.Bu bolsa öndürijilere gaplamak üçin edilýän çykdajyny azaltmaga ýardam edýär.Azyk önümini gaplamak üçin az materialyň ulanylmagy daşky gurşaw üçin hem peýdalydyr.
Akmuhammet IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.