Demir ýol arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga ýöriteleşen Altyn Döwür ulag logistika kärhanasy Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Nakty Kolik jogapkärçiligi çäklendirilen hyzmatdaşlyk kärhanasynyň (Gazagystan) ýardam bermeginde Türkmenistanyň çäginden geçýän täze halkara ulag ýük gatnaw geçelgesini işjeňleşdirdi.
Täze gatnaw ugry boýunça ilkinji demir ýol düzümi Gyrgyzystandan Türkiýä kömür daşaýar.Kärhananyň gyrgyz tarapyny ýük wagonlary bilen üpjün etmegi netijesinde kömür tapgyry Karasu (Gyrgyzystan) menzilinden Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistanyň Farap menziline ugradyldy.
Soňra bolsa kömür ýüklenen wagonlar Sarahs menziline gelip, ol ýerde hem Halkara Gatnaw Logistik hojalyk jemgyýetiniň halkara ýük howlusynyň çäginde türk hyzmatdaşynyň wagonlaryna gaýtadan ýüklenildi. Şol ýerden gyrgyz kömri Eýranyň çägi bilen barmaly ýerine — Türkoglu menziline çenli iberilýär.
Bu ýükleriň ahyrky menziline çenli daşalmagynda Altyn Döwür kärhanasynyň wekilleri ekspeditorçylyk hyzmatyny ýerine ýetirýärler.Başlangyç tapgyrda 40 000 tonna töweregi kömri daşamak meýilleşdirilýär.
Mundan ozal, şu hili ýükler GDA ýurtlaryndan Türkiýe Respublikasyna beýleki ýurtlaryň üsti bilen ugradylan bolsa, indi bu logistika gatnawlaryna Türkmenistan hem işjeň goşuldy.
Altyn Döwür ulag logistika kärhanasy degişli pudakda 2020-nji ýylyň iýun aýynda işläp başlady. Onuň alyp barýan işi demir ýol arkaly ýük daşamalary (tranzit, eksport, import) hem-de ýükleriň ekspeditorçylygydyr. Kärhananyň düzüminde ýük wagonlarynyň — platformalar, sisternler, ýapyk wagonlar, ýarym wagonlar, fitingler, şeýle-de awtoulag daşaýjylar ýaly dürli görnüşleri bar.
Altyn Döwür hojalyk jemgyýetiniň işi bilen baglanyşykly maslahat soramak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 12) 94 11 22, (+993 63) 87 78 77, (+993 65) 80 87 77. Sosial media ulgamyndaky hasaby. Elektron salgysy altyndowur@gmail.com.