Täze “Lada” modeli öndüriler

Rus awtoulag öndürijisi “AvtoVAZ” Sankt-Peterburgdaky öňki “Nissan” zawodynda täze “Lada” awtoulag modelini çykarar.Bu barada “AwtoVAZ”-yň başlygy Maksim Sokolow aýtdy.M.Sokolow häzirki wagtda “Lada Sankt-Peterburg” diýlip atlandyrylýan öňki “Nissan” zawodynda önümçiligiň 14-nji iýunda gaýtadan başlajakdygyny habar berdi.

Golaýda bu zawodda öndüriljek ilkinji modeliň “Lada X-Cross 5” boljakdygy mälim edildi.Iki ýylyň içinde zawod ýene iki täze önüm öndürip başlar.

Geçen ýyl Ukrainadaky çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Russiýada iş alyp barýan halkara kompaniýalaryň köpüsi bu ýurtdaky önümçilik desgalaryny we edaralaryny ýapypdy.

Ýene degişli makalalar

“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigiň netijeleri jemlendi
Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär
Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar
Aşgabatdaky Fransuz instituty salgysyny üýtgetdi
Türkmenistandaky Fransiýa instituty täze jaýa göçdi
Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk