Täze köpri açyldy

3-nji awgustda Italiýanyň Genuýa şäherinde Morandi köprüsiniň ýerinde gurlan täze San-Jorjio köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.Dabara Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella, Premýer-ministr Juzeppe Konte, Genuýanyň häkimi Marko Buççi, Liguriýanyň gubernatory Jowanni Toti, täze binanyň gurluşygyna gözegçilik eden binagär Renso Piano we beýleki köp sanly syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Premýer-ministriň we ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň çykyşyndan soň, Frecce Tricolori aerobatika topary köpriniň üstünden uçup, asmany Italiýanyň baýdagynyň reňklerine ýaşyl, ak we gyzyl reňklere boýadylar.

Täze köprüden ilkinji bolup Italiýanyň Prezidenti geçdi. Köprüden ulaglaryň geçmesi 4-nji awgustda başlandy. Uzynlygy 1,067 metr bolan 19 sütünli köpriniň gurluşygy gysga wagtyň içinde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Italiýanyň täze hökümeti kasam kabul etdi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Inter ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda Atletikodan üstün çykdy
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Zelenskiý Germaniýa Bardy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Italiýa bardy